Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üç aziýaly YD-ny goldamakda aýyplanýar


YD-ny goldamakda aýyplanýan üç erkegiň çekilen suratlary
YD-ny goldamakda aýyplanýan üç erkegiň çekilen suratlary

ABŞ resmileri Nýu-Ýorkuň Bruklin raýonynda ýaşaýan üç merkezi aziýalynyň "Yslam döwleti» jeňçi toparyna maddy goldaw bermegi planlaşdyrandygy üçin tussag edilendigini aýtdylar.

Olaryň ikisiniň – Abdurasul Jurabaýew, 24 ýaşynda, Özbegistandan, Ahror Saidahmedow, 19 ýaşynda, Gazagystandan, Türkiýäniň üstaşyr Siriýa gidip, YD-nyň hatarynda söweşmegi planlaşdyrandygy aýdylýar.

Adalat departamentiniň jenaýat işini gozgamak barada 25-nji fewralda eden talabynda Jurabaýewiň, eger YD buýran ýagdaýynda, Birleşen Ştatlarda hem terror hereketine baş goşmaga taýýar bolandygy, Saidahmedowyň bolsa, eger daşary ýurda gidip bilmese, terrorçylyk işini amala aşyrmagy niýet edinendigi aýdylýar.

YD buýursa...

Resmiler Jurabaýewiň, eger YD şeýle etmeli diýse, özüniň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamany öldürjegini tassyklandygyny aýtdy.

Jenaýat işini açmak baradaky talapda aýdylmagyna görä, Saidahmedow Siriýa gidip bilmedik ýagdaýynda ýarag satyn alyp, polisiýa ofiserlerini we FDG-nyň agentlerini tüpeňlemegi teklip edipdir.

Üçünji erkegiň, Abror Habibowyň, 30 ýaşynda, Özbegistandan, Saidahmedowyň YD-a goşulmak tagallalaryny maliýeleşdirmäge kömekleşendigi aýdylýar.

Iki erkek Nýu-Ýorkda gysga wagtlyk sudda peýda bolanyndan soň, girew astynda goýberilmän saklandy. Habibow hem Floridada girewsiz saklanmaly edildi.

Eger günäli bilinse, bu erkekleriň her biri maksimum 15 ýyl türme tussaglygyna höküm ediler.

«Bu real. Bu Ýakyn Gündogara hiç wagt gitmezden hem hereket etmäge ruhlanan ýalňyz möjek baradaky alada» diýip, Nýu-Ýork polisiýasynyň komissary Wilýam Bratton aýdýar.

ABŞ-nyň aňtaw resmileriniň ynanjyna görä, Birleşen Ştatlaryň 150 çemesi raýaty, YD-a ýa beýleki ekstremist toparlara goşulan diýip hasaplanýan 20 müň çemesi daşary ýurtly söweşijiniň hatarynda, Siriýada YD jeňçileri bilen söweşmäge synanyşypdyr.

Siriýada 2011-nji ýyldan bäri graždan urşy barýar we bu konfliktde 200 müňden gowrak adam öldürildi, millionlap adam bolsa öz ýaşap oturan öýlerinden gaçdy.

"Biz Siriýa gidip, YDYL-yň hatarynda zorlukly jyhad etmäge synanýanlary we olary goldaýanlary berk jogapkärçilige çekeris» diýip, ABŞ-nyň Nýu-Ýorkuň gündogar raýony boýunça prokurory Loretta Linçiň beýanatynda aýdylýar.

"Biziň raýatlarymyza we ýaranlarymyza şu ýerde ýa-da daşary ýurtda wehim salýan islendik adam amerikan kanunçylygynyň doly güýji bilen ýüzbe-ýüz bolar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Dinsizleriň ýurdunda ýaşamak günä"

Saidahmedow 25-nji fewralda irden, Jon F.Kennedi halkara aeroportundan Stambula uçýan uçara münjek bolanda tussag edildi.

Aýdylmagyna görä, ol fewral aýynyň başlarynda ABŞ-nyň Içeri şler departamentine syýahat dokumentini almaga barypdyr.

Saidahmedow 19-njy fewralda öz pasportyny soramak üçin ejesine telefon edipdir we, «eger biriniň «Yslam döwletine» goşulmaga mümkinçiligi bolup, ol ýere gitmese, ahyret gününde ondan näme üçin gitmediň diýip soraljagyny» aýdypdyr we «dinsizleriň ýurdunda ýaşamak günä» diýipdir.

Aýdylmagyna görä, onuň ejesi telefon gürrüňini kesip, trubkany taşlapdyr.

Jurabaýew Türkiýä martda gitmegi planlaşdyrypdyr we uçar biledini satyn alypdyr.

Aýyplanýan üç adamyň planlary sentýabr aýynda Jurabaýew we Saidahmedow bilen metjitde duşuşan we olaryň baş goşan işlerine duýgudaş bolup görnen tölegli habarçynyň üsti bilen açylypdyr.

Aklawçy Adam Perlmutter çarşenbe güni Nýu-Ýorkda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, öz müşderisi Ahror Saidahmedowyň YD-ny goldamak dildüwşüginde aýyplanan üç erkegiň biridigini aýtdy:

«Bu şahslar aýyplandy. Emma olara entek günä bildirilmedi. Bu waka bizi hakykatdanam federal hökümetiň çemeleşmesini sorag astyna almaly edýär, – bu aýdylýanlar dogrumy, olar diňe aýdylýan zatlar, - olar bizi federal hökümetiň çemeleşmesine, amerikadaky ýaşlary, musulman erkekleri kabul edişine hakykatdanam şübhelenmeli edýär» diýip, Adam Perlmutter aýtdy.

Waşingtondaky özbek gazak ilçihanalary AÝ/AR-nyň bu iş boýunça düşündiriş sorap eden ýüzlenmesine bada-bat jogap bermedi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG