Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan diri galmagymyza kömek etsin


Türkmenleriň obasy, Owganystan
Türkmenleriň obasy, Owganystan

Owganystanyň Badgys welaýatyna degişli we Türkmenistan bilen serhetleşýän Marçak etraby iki ýyldan bäri "Talyban" toparynyň gabawynda saklanýar. Arada "Talyban" oba suw akdyrýan ýaby bekläp, oba adamlaryndan ençemesini zamun alyp, ýerli ilat ummasyz pul töländen soň yza çekilipdir.

Edil şeýle ýagdaý mundan ozalrak hem gaýtalanypdyr. Şeýle-de obada doktoryň ýoklygy sebäpli, aglaba ilaty etniki türkmenlerden ybarat oba ýaşaýjylary kesellän halatlarynda bejergä mätäçdigini, bu ugurda kömek sorap, Türkmenistandan hiç hili ýardam alyp bilmeýändigini aýdýarlar.

Marçagyň Türkmenistan bilen serhetleşýän ýerindäki owgan harby punktynyň ýolbaşçysy Döwlet Mawin, obadaky ýagdaýlar we Türkmenistandan garaşýan kömekleri barada Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahira gürüň berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:05:12 0:00

XS
SM
MD
LG