Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Günbatar resmilerini tankytlaýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 26-njy fewralda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerrini we beýleki günbatar resmilerini, eger Ukriandaky hereketlerini bes etmese, Moskwanyň garşysyna goşmaça sanksiýa girizmek haýbatyny atmakda tankyt etdi.

Lawrow, öz ynanjyna görä, goşmaça sanksiýalar baradaky gürrüňiň 12-nji fewralda Minskde gelnen ylalaşyk esasynda, gündogar Ukrainadaky ýaraşyk şertnamasynyň durmuşa geçirilmeginden we parahatçylygyň berkidilmeginden ünsi sowmak üçin edilýändigini aýtdy.

Ol bu sözleri Jon Kerri 25-nji fewralda amerikan kanun çykaryjylaryna «ne Orsýet, ne-de onuň goldaýan güýçleri aprelden bäri 5600-den gowrak adamy öldüren urşy soňlamaga gönükdirilen ylalaşyk boýunça öz alan borçlaryny ýerine ýetirmäge golaý bardy» diýenininden soň aýtdy.

"Ýaraşykdan ünsi sowjak bolýarlar"

"Günbatar resmileriniň, şol sanda Jon Kerriniň we [Ýewropa Geňeşiniň prezidenti] Donald Tuskyň täze sanksiýalary girizmek baradaky haýbatlary barada aýdylanda, muny düşündirmek aňsat diýip pikir edýärin: olar dowul turzup, Minsk şertnamalarynyň durmuşa geçirilmek zerurlygyndan ünsi sowmaga synanýarlar” diýip, Lawrow Moskwada guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.

Günbatar resmileri gündogar Ukrainadaky ýaraşyk ylalaşygynyň şertlerini Moskwanyň we Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň, bu sebitiň belli bir bölegini elde saklaýan söweşijileriň bozýandygyny aýdýarlar.

Kerri rus prezidenti Wladimir Putini «ýer eýelemek» arkaly Ukrainadaky ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmakda aýyplady: «Biz gelýän birnäçe günde ýaraşyk ylalaşygy babatda boljak zatlar esasynda, täze sanksiýalar tapgyryny girizmeklige taýýarlanýarys» diýip, ol aýtdy.

Ýaraşyk ylalaşygy baglalaşylan badyna, pitneçiler onuň şertlerini ret edip, strategiki şäher bolan Debaltsewäni hökümet güýçlerinden almak üçin, separatistleriň kontrolundaky Donetsk we Luhansk paýtagtlarynyň arasyndaky demirýol çatrygyna hüjümi dowam etdirdiler.

Soňra söweşler kiparlady, ukrian harbylary 25-nji fewralda 15-nji fewralda güýje giren ýaraşykdan bäri, front liniýasyndan ilkinji gezek ölüm habarynyň berilmändigini aýtdylar.

Emma ÝHHG agyr ýaraglaryň front liniýasyndan yza çekilendigini, ýagny Minskde gelnen ylalaşygyň esasy şertleriniň biriniň ýerine ýetirilýändigini heniz tassyklanok.

Ukrain harbylarynyň sözçüsi Anatoliý Stelmah penşenbe güni öten agşam ol ýerde degişlilikde ýaraşyk düzgünleriniň bozulmasynyň az bolandygyny, emma Donest şäheriniň etegindäki Piski obasynyň topa tutulandygyny aýtdy.

"Doňdurylan konflikt" howpy

Kiýewiň we günbatar hökümetleriniň ynanjyna görä, Orsýet, gündogarda «doňdurylan konflikti» ýola goýmak bilen, Ukrainany gowşatmak we ony NATO-dan daşda saklamak isleýär.

Olar Putin we pitneçiler Donetskden Kryma, Moskwanyň 2014-nji ýylyň martynda Ukrainadan bikanun annekksiýa eden Gara deňiz ýarymadasyna çenli aralyga uzaýan giň territoriýany ele geçirjek bolar öýdýärler.

Kerri ABŞ-nyň Wekiller öýüniň daşary gatnaşyklar komitetinde eden çykyşynda şeýle diýdi: «Ol [Putin] Luhanskde, Donetskde, indi bolsa Debaltsewede, Ukrainany durnuksyzlaşdyrmak üçin, gös-göni ýer eýelemekligi ýola goýdy, şuňa hyjuwlandyrdy, ýardam we itergi berdi.»

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius hem 25-nji fewralda Moskwanyň, eger separatistler Kiýew kotrollugyndaky strategiki port Mariupola hüjüm etseler, ÝB-niň has köp sanksiýasyna sezewar ediljegini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileri soňky günlerde Putini we onuň ministrlerini Ukrainadaky söweşleriň dowam etmegi sebäpli tankytladylar, Kerri bolsa sişenbe güni Orsýetiň liderlerini konflikt babatda göz-görtele ýalançylykda aýyplady.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG