Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: ten söwdasy hyjaba bukulýar


Rafoat
Rafoat

Täjigistanda, köçelerde ten satýan beýleki ençeme aýallar ýaly, Rafoat hem goraga mätäç. Ol gysga köýneginiň etegini aşak çekip, gözüne sürme sürýär we soňam hyjap geýinýär.

Duşenbeli 24 ýaşyndaky Rafoat tenini satmaga başlandan 5 ýyl geçensoň, hyjap geýip ugrapdyr. Ol "Öz üstüme yzygiderli abanýan howplardan we hüjümlerden gutulmak üçin hyjap geýmäge mejbur boldum" diýýär.

Onuň aýtmagyna görä, edýän işi zerarly üstüne gaty uly howp abanýar. Rafoat müşderilerine Duşenbäniň merkezindäki seýilgähde garaşýar. Onuň sözlerine görä, ulagly adamlar kelte köýnekli ten satýan aýallaryň deňinde säginip, olara äsgermezçilik bilen paýyş sögünýärler.

Owadan kosmetika, hyjap we ýönekeýje ýeňles köwüş Rafoaty birneme gorag astyna alýar. Onuň aýtmagyna görä, hyjap polisiň ünsüni sowmaga hem kömek edýär.

Täjigistanda ten satmaklyk ahlaksyzlyk hasaplanýar we jelepçilik edýän aýallara 150 amerikan dollary möçberinde jerime salynýar. Polisiň yzarlamalary ten satýan aýallary halys irizipdir.

Hyjap polise päsgelçilik döredýär

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň adyny aýtmakdan saklanan ýokary wezipeli bir resmi ýolbaşçysy Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatynda, reýdler geçirilende hyjabyň polis işgärleriniň tenini satýanlara garşy çäre görmegine päsgelçilik döredýändigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, soňky döwürde tenini satýanlaryň arasynda hyjap geýýänler hasam köpelýär. Çeşmäniň bildirmegine görä, haçan-da polisler seks hyzmaty teklip edilýär diýilýän ýere baryp barlag geçirenlerinde, hyjap geýnen ýeňles aýallar kimdir birine garaşýan ýa-da taksi gözleýän diýip jogap berýärler.

10-njy martda Içeri işler ministrliginiň bir resmisi döwlet telewideniýesindäki gepleşikde polisiň Duşenbede reýd geçiren mahaly jelepçilik edýän 10-a golaý hyjaply aýallary saklandygyny mälim edipdir.

Rafoat hem reýd geçirilende, polisiň özüne-de şübheli bolandygyny aýdýar.

Prezident hyjaba garşy

Reýdden birnäçe gün ozal prezident Emomali Rahmon öz çykyşynda, täjik zenanlarynyň geýimleriniň daşky täsirleriň astynda galýandygyny nygtap, mundan närazylyk bildiripdir. Prezident: "Hyjap geýinmek bilen keseki medeniýete öýkünmeklik hiç haçan zenanlar üçin beýik medeniýetiň we etiki standartlaryň görkezijisi bolup bilmez" diýipdir.

Prezident we beýleki täjik resmileri hyjaby ýygy-ýygydan tankyt edýärler. Olaryň aýtmagyna görä, täjik zenany öz adatdyr-däplerine kybapdaş geýinmelidir. Täjigistanda mekdeplerde, uniwersitetlerde, döwlet institutlarynda hyjap geýmek gadagan.

Elbetde, hyjaby şöhrat üçin däl-de, ýöne geýinýänlerem bar.

Haç zyýaratyndan soň sungat işini taşlapdyr

Döwrebap aýdym-saz sungatynyň owalky tanymal aýdymçysy Malika Saidowa 2009-njy ýylda haç zyýaratyndan soň öz işini taşlapdyr we hyjap geýmäge başlapdyr.

Golaýda täjik telewideniýesinden berlen gepleşikde ondan seks hyzmatyny edýänleriň öz hyjaplaryny onuň dükanyndan satyn alýandygy baradaky maglumatyň dogrudygy ýa-da däldigi barada sorapdyrlar.

Malika Saidowa ýerli metbugata beren beýannamasynda: "Telegepleşikden soň meniň dükanymda barlag geçirdiler. Ýöne bikanun zat tapmadylar. Müşderiniň maňlaýynda onuň tenini satýandygy barada ýazgy ýok ahyryn" diýipdir.

Hökümet, seks hyzmatyny berýänleriň sanynyň jemgyýete howp salýan ýagdaýda köpelýändigi barada duýduryş berýär. Synçylar bolsa muňa ýurtdaky işsizligiň we garyplygyň ýokarlanmagynyň sebäp bolýandygyny nygtaýarlar.

Hyjabyň jelepçilik bilen arabaglanyşygy

Täjigistanyň içeri işler ministriniň aýtmagyna görä, 2014-nji ýylda seks hyzmatyny edýän 400 aýal bilen 275 sany hem bikanun küntühananyň üsti açylypdyr. Bu san öňki ýyl bilen deňeşdirilende, diýseň ýokary görkeziji.

Polisleriň reýdleri mahaly saklananlaryň arasynda adam söwdasynyň pidalary, ýagny zoraýakdan tenini satmaga mejbur edilenler iň hem-de kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň bardygy ýüze çykypdyr.

Seks biznesiniň polis bilen baglanyşygynyň bardygy we käbir resmileriň para alyp, jelepçilik biznesine arka durýandygy aýdylýar.

Rafoatyň aýtmagyna görä, polis ony ozallar birnäçe gezek saklapdyr. Ýöne bir polis tanşynyň kömegi bilen ol her gezekde ýene goýberilipdir. Onuň sözlerinden çen tutsaň, onda polis bilen hyzmatdaşlyga garaňyňda-da, hyjap geýmek ten satýanlary dürli bela-beterlerden has gowy gizleýär.

Ýöne hyjaply bolup müşderi tapmak o diýen aňsat işem däl. Rafoatyň gürrüň berşine görä, bir adam onuň ýanynda ulagyny saklanda, ol özüne müşderi gözleýändigini gaty ätiýaçly hem tiz duýduryp ýetişmeli. Sebäbi hyjaply aýallaryň deňinde ulagyny saklaýanlaryň arasynda ahyrky awtobusa ýetişmän gijä galana ýa-da haýsam bolsa bir sebäpden ýolda galana nebsi agyryp, haýyr-sahawat üçin kömek etjek bolýan gowy adamlaram gabat geläýýär…

XS
SM
MD
LG