Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurt diplomlary barada täze düzgünnama çykdy


Russiýanyň ÝOJ-nyň diplomy.
Russiýanyň ÝOJ-nyň diplomy.

Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde alan ýokary we orta hünär bilimi dogrudaky dokumentleri ykrar etmek boýunça düzgünnamanyň täze nusgasy ilatyn dykgatyna ýetirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde asylan bu düzgünnama prezident Berdimuhamedowyň 20-nji fewralda gol goýan degişli kararyna esaslanýar.

Bu düzgünnama mundan öňki düzgünnamadan o diýen kän tapawutlanmaýar. Düzgünnamadaky täzelikleriň biri daşary ýurtdan alnan diplomyň ykrar edilmegi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýola goýlan ýörite döwlet ekzamenleriniň her ýyl geçirilýän sany köpeldilipdir.

Mundan öň ýylda iki gezek döwlet ekzamenlerini tabşyryp bolan bolsa, indi ýylda dört gezek döwlet ekzamenlerini tabşyryp bolýar. Döwlet synaglary fewral, maý, sentýabr we noýabr aýlarynda Türkmenistanyň döwlet dilinde, ýagny türkmen dilinde geçiriler.

Şol bir wagtda hem, edil öňküsi ýaly, diplomyny tassyklatmak isleýäniň bu synaga diňe üç gezek gatnaşmaga hukugy bar. Döwlet ekzamenlerinden üçünji gezekde hem geçip bilmese, ol adamyň daşary ýurtda alan diplomy Türkmenistanda ykrar edilmez.

Okuw möhleti

Beýleki bir täzelik daşary ýurt döwletlerinde ýokary we orta hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk möhleti bilen bagly. Mundan ozal daşary ýurtlarda ýokary hünär okuwynyň möhleti 4 ýyldan, orta hünär okuwynyň möhleti bolsa 2 ýyldan az bolmaly däldi.

Indi täze düzgün boýunça daşary ýurt döwletlerinde ýokary we orta hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk möhleti Türkmenistanyň bilim hakynda kanunçylygynda bakalawrlary, magistrleri, hünärmenleri we orta bilimli işgärleri taýýarlamak üçin kesgitlenen möhletlerden az bolmaly däl.

Ýagny, Türkmenistanyň bilim hakyndaky kanuny boýunça ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk wagt möhleti öwrenilýän taýýarlygyň ugruna (hünäre) we okatmagyň görnüşine baglylykda, adatça, bakalawrlary taýýarlamak üçin - dört okuw ýylyny, magistrleri taýýarlamak üçin - bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli möhleti, hünärmenleri taýýarlamak üçin - bäş okuw ýylyndan alty okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar.

Orta hünär biliminiň kadalyk wagt möhleti bolsa öwrenilýän hünäre we okatmagyň görnüşlerine baglylykda iki okuw ýylyndan dört okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar. Bu kanunda aýdylyşy ýaly, okuwyň anyk möhleti Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan okuw meýilnamalary bilen kesgitlenýär.

Täze kabul edilen düzgünnamada daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek isleýänleriň daşary ýurtlaryň diňe gündizki bölümlerinde okamalydygy baradaky şert hem öňküligine galdrylypdyr. Ýagny, daşary ýurtlarda gaýybana okanlaryň diplomlary ykrar edilmejek dokumentleriň hataryna girýär.

Bu ýagdaý, bilimini daşary ýurtlarda şeýle tertipde alyp, Türkmenistana dolanan raýatlary alada goýýar. Bilim ministrliginiň öňünde Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan we özüni Gözel diýip tanadan ildeşimiz bu kararyň özüne eýýäm täsirini ýetirendigini aýtdy.

“Men 2 ýyl mundan ozal Moskwada gaýybana okuwy tamamladym. Şondan bäri diplomymy ykrar etdirmäge synanyşýaryn, emma tagallalarym başa barmaýar, şonuň üçin hem işe girenimde diplomyma seredýän ýok” diýip, ildeşimiz Gözel gürrüň berdi.

Türkmenistanda 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň alnan daşary ýurt diplomlary ykrar edilmäge degişli. Ondan öňki diplomlar Türkmenistanda bolşy ýaly kabul edilýär.

XS
SM
MD
LG