Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen mekdepleriniň tapawudy nämede?


Aşgabat, 2013 ý. Soňky jaň dabarasyna gatnaşýan mekdep okuwçylary.
Aşgabat, 2013 ý. Soňky jaň dabarasyna gatnaşýan mekdep okuwçylary.

Türkmenistanda geçirilen Bedew baýramçylygynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda aty çykan Kerimguly Berdimuhamedowyň, prezident Berdimuhamedowyň agtygynyň okaýan mekdebi belli boldy.

Ýagny ol žurnalistlere özüniň 12 ýaşyndadygyny, Aşgabatdaky 43-nji mekdepde okaýandygyny aýtdy. Bu mekdep Aşgabatda, fransuz dilini öwredýänligi üçin, «Fransuz mekdebi» diýlip hem atlandyrylýar.

Eýsem bu mekdep ýurtdaky beýleki mekdeplerden näderejede üýtgeşik ýa-da tapawutly? Aslynda ýurtdaky mekdepler bir-birinden näme bilen tapawutlanýar we ýaşlar bu mekdeplerdäki şertler, bilim berlişi barada näme pikir edýärler.

Azatlyk radiosynyň «Täze tolkun» ýaşlar gepleşigi şu temanyň daşynda söhbetdeşlik geçirdi. Ony diňläp, pikir alyşmaga çagyrýarys.

Türkmen mekdepleriniň tapawudy nämede?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG