Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen halyçylary ‘adalat’ isleýär


Mazary-Şerifde bir haly dükany
Mazary-Şerifde bir haly dükany

Häzir Türkiýede haly täjirligi bilen meşgullanýan etniki türkmenler ýurtda galdyrylan gümrük salgytlary bilen göreşýärler.

Aýdylmagyna görä, Türkiýede daşary ýurtlardan getirilýän halylaryň gümrük salgytlary gaty ýokarlansoň, halyçylyk bilen meşgullanýan etniki türkmenleriň bir bölegi öz kesp-kärini üýtgetmek kararyna gelen bolsa, ýene bir bölegi gümrük bahalarynyň "adalatly" ýagdaýa getirilmegi üçin jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde hukuk göreşini alyp barýar.

Türkmen halyçylarynyň jemgyýetçilik tagallalarynyň netijesinde türk hökümeti haly salgytlaryny biraz peseltdi diýlen maglumat hem bar.

“Dünýä türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sany şu meselelere bagyşlandy.

Türkmen halyçylary ‘adalat’ isleýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG