Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Prezident halka gerek işi etsin"


"Arkadag" parkynyň açylyş dabarasy. Aşgabat, 29-ny iýun, 2015.
"Arkadag" parkynyň açylyş dabarasy. Aşgabat, 29-ny iýun, 2015.

Azatlyk radiosynyň feýsbukda «Prezidentiň doglan güni halk tarapyndan bellenilmelimi? Bellenilse, nähili bellenilmeli?» diýen sorag bilen açan forumyna gysga wagtda 8 müň çemesi adam giripdir we onlarça adam öz pikirini aýdypdyr.

Nesibe Durmuş atly okyjymyz «Ynsanlar nirelerde nähili görgüleri görýär, bu bolsa doglan gününi belleýär. Sen git-de, halkyň ýagdaýy bilen gyzaklan, bu garyp ynsanlar nähili ejir çekýär?» diýip ýazypdyr.

Abas Armeşi atly okyjymyz hem prezidentiň doglan gününiň bellenmeginde begener ýaly zadyň ýokdugyny aýdýar. «Bilinsin, bilinmesin, ondan haýyr ýok, ynsanlaryna basyş etmekden başga bir işi bilmez» diýip, Abas Armeşi aýdýar.
Elissa Elisa atly okyjymyz: «ol diňe öz pikirini etsin, doglan gününi bellesin, wagtyny hoş geçirsin» diýipdir.

Okyjylarymyzyň arasynda gaharly, käýinçli sözleri ýazanlary-da bolupdyr, o hili teswirleri okamagy özüňize galdyrýarys.

Jahanna Jahanowna atly okyjymyz «sadalyk hemişe gowudyr, kim bolsaň bol, ahyrynda şol bir ýere barjagyňy unutma» diýip ýazýar we doglan gününi «maşgalasy bilen sessizje bellesin, olam halkymyz ýaly adam» diýen pikiri öňe sürýär.

"Hawa, menem şeýle düşünýärin, çünki indi örän kyn boldy, adamlary gynamakdan başga hiç bir zat ýok» diýip" Döwlet Orunow hem Jahannanyň pikirini goldaýar.

Aýa Durdyýewa bolsa, «bu gülkünç» diýip ýazypdyr. Emma Saýfulla Muradow bu ýerde gülkünç zat görmeýär: «Gündogar Türküstanda, Kobanide we başga bir topar ýerde doganlarymyz öldürilýär... Doganlarymyz bu zulmy, bu jebri çekýärkä elimden şu teswiri ýazmakdan başga hiç bir zadyň gelmeýändigine gaty gananýaryn» diýip, Saýfulla Muradow ýazýar.

Murat Hummedow atly okyjymyz, prezident Berdimuhamedowyň doglan güni baradaky habarlary görüp, internetden Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň doglan gününiň bellenişi barada habar gözländigini, emma tapmandygyny aýdýar.

"Beterini görüp, şükür edeliň»"

Türkmenistanda prezidentiň doglan gününiň şeýle giňden bellenilmegini goldaýan ýa-da oňa kadaly zat hökmünde garaýan okyjylarymyz hem bar.

Mysal üçin, Maýa Esenowa şeýle ýazýar: «Siriýa serediň, aç we watansyz, geliň, beterini görüp, şükür edeliň. Bu ýerde uly geplemäň, çünki düzedip biljek zadyňyz ýok. Prezident bolsaňyz, sizem bu hili işleri etmän durmazdyňyz. Allanyň beren ömrüni çagalary bilen huzur çinde ýaşasyn Berdimuhamet Gurbangulyýew» diýip, Maýa Esnowa prezidentiň at-familiýasyny bulaşdyryp ýazypdyr.

Jahan Aýydowa atly okyjymyz hem Türkmneistanyň asudalygyna ünsi çekipdir: «Asuda, abadan watanymyz bar, şükür edeliň. Ýurt daşynda okamagymyzda, her işde bir haýyr bardyr» diýip, Jahan pozitiw pikire çagyrýar.

Nazli Hilal bolsa: «bellenmegi zerur örän ähmiýetli waka, brawo» diýip ýazýar.
Ýöne okyjylarymyzyň arasynda gozgalýan mesele, soralýan sorag barada hiç bir tarapa goşulman, beýlekileri hem aýdýan pikirlerinden ägä bolmaga çagyrýanlary-da bar.

Mysal üçin, Aýnagözel Aýla atly okyjymyz şeýle pikirde: «Bu ýerde boş-boş gürrüň edip, ertir başyňyza bir iş düşse, ýüzüňizi sallap durmaň, hiç gürrüň etmäň, arkadaşlar. Meniň öýkäm siziňkiden 100 essedir, sabyr ediň, her zadyň öz wagty bardyr, saglygyňyza şükür ediň» diýip, Aýnagözel ýazýar.

Şeýle-de ol prezidentiň garşysyna çykyp, pikirini göni aýdyp bilmeýänleriň bu ýerde gürrüň etmegine gaharynyň gelýändigini aýdýar. «Doglan gününi etse, puly köpdür, nireden gazananynyň ähmiýeti ýok» diýip, Aýnagözel sözüniň üstüni ýetirýär.

Şemşat Durdyýewa Türkmenistanda prezident tarapyndan edilýän işleri «jenaýat» diýip atlandyrýar.

Akdemir atly okyjymyz bolsa: «Of, allam, bize sabyr ber» diýýär we prezidentiň halka gerekli işler bilen meşgullanmalydygyny, şonda adamlaryň onuň doglan gününi "özleriniň köçä çykyp bellejegini" aýdýar.

Akdemiriň pikiriçe, öz sözi bilen aýtsak, häzirki ýagdaý «masgaraçylyk».

XS
SM
MD
LG