Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň köllerine barýan ýollar ýapyldy


Gurtly köli. 7-nji iýul, 2015 ý.
Gurtly köli. 7-nji iýul, 2015 ý.

Eýýäm iki hepdeden gowrak wagt bäri paýtagtyň demirgazyk tarapyndaky Gurtly kölüne we gündogaryndaky öňki Sport kölüniň golaýyndaky suw howdanyna barýan ýollar ýapyk. Gurtly kölüne barýan ýolda polisiýanyň posty goýlup ondan diňe şol töwereklerde işleýän işgärler geçirillýär. Şeýle-de bu kölüň “dikiý”, ýagny ýabany plýaž diýlip atlandyrylýan ýerine barýan ýol hem gazylyp, ulaglar geçmez ýaly edildi.

Aşgabadyň gündogarynda ýerleşen Sport kölüniň golaýyndaky suw howdanyna barýan ýoluň demirgazyk tarapy-da, günorta tarapy-da gazylyp, ýapylypdyr. Emma bu ýerde polisiýa gözegçiligi ýok. Şol sebäpden, bu suw howdana barýan ýol ýapylsa-da, adamlaryň howdanyň demirgazygyndan baryp, awtoulaglaryny ýoluň gazylan ýerinde goýup, pyýada howdana baryp suwa düşýändigini görse bolýar. Käbirleri bolsa günorta tarapyndan, ýol gazylan ýeriň gapdalyndan geçip, howdana barýarlar.

Paýtagtyň golaýyndaky kölüň we suw howdanynyň ýapylmagy barada nähilidir bir resmi düşündiriş berilmeýär.

Köle suwa düşmäge gelen adamlar
Köle suwa düşmäge gelen adamlar

Ýeri gelende aýtsak, Gurtly kölünde we ady agzalan suw howdanynda suwa düşmek öň hem gadagan edilip, bu barada öňler kölüň kenarynda ýörite ýazgy-bildirişler hem asylýardy. Häzir şolar ýaly bildirişler ýok.

Gurtly kölünde bu gadagançylygyň eýýäm ençeme ýyl bäri bardygyna garamazdan tomus aýlarynda bu ýerdäki “dikiý” ýa-da ýabany diýlip atlandyrylýan plýaža suwa düşmäge gelýän paýtgatlylar az däldi.

Gurtly kölüniň şol plýažynda suwa düşmek üçin hiç hili şertler ýok. Emma, muňa garamazdan, adamlar bu ýere suwa düşmäge barýardylar. Häkimiýetler hem bu ýagdaýa göz ýumýardylar.

Zir-zibile çümen Gurtly köli
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:24 0:00

Paýtagtyň öňki Sport kölüniň golaýyndaky suw howdany hem suwa düşmek üçin gurlan däl. Bu suw howdanynda paýtagtyň içinden geçýän emeli derýa boýunça goýberilýän suw ýygnalýar. Emma bu howdanda-da suwa düşülýärdi.

“Adamlarda başga alaç ýok. Suwa düşüp, dynç alar ýaly başga ýer ýok. Her hepde dynç günleri Awaza gitmäge bolsa her kimiň gurby çatmaýar. Şonuň üçinem adamlar şu ýerlere gelýärler” diýip, Sport kölüniň golaýyndaky suw howdanyna suwa düşmäge gelen paýtagtly Ýalkap gürrüň berýär.

Gökdepe suw howdany
Gökdepe suw howdany

Ýalkabyň aýdyşy ýaly, pýtagtyň golaýynda, diňe Gökdepe suw howdany diýäýmeseň, başga suwa düşer ýaly arassa köl ýa-da suw howdany ýok. Bu Gökdepe suw howdany hem paýtagtdan 40 kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýär.

Özi-de, Ýalkabyň sözlerinden çen tutsaň, şol suw howdanynda suwa düşmek üçin şertler çäkli. Ol bu barada şeýle diýýär: “Ol suw howdanynda plýaž, halas ediji ýa-da dynç almak üçin başga bir zat ýok. Özem daş bolýar”.

Şol bir wagtda 1962 ýylda döredilen Gurtly kölüniň suwy çekilip, plýažlaryny gamyş basypdyr. Bu kölüň kenarlarynda hem zir-zibilleriň depelerini görmek bolýar.

Sport kölüniň bolsa suwy çekilip, kölden diňe ulurak ýata suw aýtymy galypdyr. Diňe onuň öňki kenarlaryndaky plýažlar bu ýata suwuň öň köl bolandgyny ýatladýar. Bu kölüň köp bölegini gamyş basypdyr.

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda hem Gurtly we Sport kölleri köp adamly bolýardy. Tomus aýlarynda bu iki köl paýtagtlylaryň iň köp barýan ýerleridi. Ol wagtlar kölde suwa düşüp, gaýykda gezelenç edip bolýardy.

XS
SM
MD
LG