Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nepesgulyýew “ýitirim” edildi


Saparmämmet Nepesgulyýew
Saparmämmet Nepesgulyýew

Halkara günä geçiş guramasynyň “Wearside Amnesty International” toparynyň agzalary türkmenistanly žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň sag-aman maşgalasyna gowuşmagy üçin kampaniýa geçirjekdigini habar berýär.

Bu baradaky maglumat Sunderland Echo internet neşirinde çap boldy. Topar öz maglumatyny “Göz öňüne getirip görüň, siziň ýakynlaryňyzdan biri ikindin dörtlere dolanjakdygyny aýdyp, soňundan hem ýitirim bolýar” diýen deňeşdirme bilen başlaýar.

“Wearside Amnesty International” topary ýokarky ýagdaýyň şu ýylyň 7-nji iýulynda türkmenistanly žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň başyndan indendigine ünsi çekýär.

Ýatladyp geçsek, Nepesgulyýew Azatlyk Radiosy we “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşirine maglumat toplamak üçin “Awaza” sebitine gideninde, tussag astyna alynypdy.

Ýerli häkimiýetler Nepesgulyýewiň ýanyndan “neşe serişdeleriniň” tapylandygyny öňe sürseler-de, onuň maşgala agzalary bu baradaky aýyplamalary inkär etdiler. Nepesgulyýewiň ýakynlary onuň tussag edilmeginiň žurnalistiki işi bilen baglydygyna ynanýandyklaryny hem bellediler.

“Wearside Amnesty International” topary Nepesgulyýewiň düşen gününiň “tanyş bir ýagdaýdygyny” belleýär. Adam hukuklaryny goraýjy topar dünýäniň ençeme döwletlerinde hökümetiň oňlamaýan parahatçylykly hereketleri sebäpli adamlaryň “ýitirim” bolýandyklaryny hem nygtaýar.

Mundan iki aý töweregi ozal tussag edilen Nepesgulyýewiň ýagdaýyna aladalanma bildirip, abraýly halkara guramalarynyň ençemesi, ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili dagy hem çykyş etdiler.

XS
SM
MD
LG