Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen studentleri Bişkege 'gelmeýär'


Aşgabat, Migrasiýa gullugy
Aşgabat, Migrasiýa gullugy

Türkmenistandan alternatiw habarlary çap edýän habartm.org websaýty, öz çeşmelerine salgylanyp, türkmenistanly studentleriň, ozalkylary ýaly, Gyrgyzystana okamaga goýberilmeýändigini ýazýar.

Ýogsa, türkmen we gyrgyz hökümetleri awgust aýynyň başynda özara hyzmatdaşlyk boýunça bir topar ylalaşyga gol çekdi.

Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetinden habartm.orgyň redakasiýasyna aýdylmagyna görä, şu ýyl olara Türkmenistandan üç student okamaga gelmeli eken. Olar uniwersitetiň bir ýyllyk taýýarlyk bölümini tamamlap, giriş synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryndan soň, tomus kanikulynda Türkmenistana gidipdirler.

Emma okuw ýylynyň başynda olaryň diňe birisi okuwyny dowam etdirmäge gelip bilipdir we bu oňa diňe rus raýatlygy bolany üçin başardypdyr. Beýleki iki studente Gyrgyzystana gitmek rugsadynyň berilmändigi aýdylýar.

Habartm.org bu ýyl Türkmenistandan gelen birinji kurs studentleriniň Gyrgyzystanyň Halkara uniwersitetinde hem bolmajagyny ýazýar, ýogsa ozal bu ýokary okuw jaýy hem türkmen ýaşlarynyň arasynda meşhur eken.

Gyrgyzystanyň Halkara uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça prorektory Taken Akylbekowa Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde 2007-nji ýyldan başlap, Türkmenistandan örän köp student gelendigini aýtdy.

«2010-njy ýyla çenli biziň uniwersitetimizde Türkmenistandan 200-e çenli student okaýardy. Gynansak-da, 2010-njy ýyldan soň olary Gyrgyzystana okamaga goýbermediler. Bu gaty gynançly, olar örän gowy oglan-gyzlardy, sentýabryň ortalaryndan oktýabra çenli jaň edip, özlerini okuwdan çykarmazlygymyzy haýyş etdiler» diýip, Akylbekowa türkmen studentleriniň käbiriniň Aşgabat aeropotundan bäş gezek dagy yzyna gaýtarylandygyny ýatlady.

Taken Akylbekowa soň ol studentleriň bir böleginiň okuwyny Ukraina, Orsýete geçirdendigini aýtdy we olardan şindem ol ýa-da beýleki dokumentlerini tassyklatmak barada haýyş gelýändigini gürrüň berdi.

Prorektoryň beren maglumatyna görä, şu ýyl Türkmenistandan iki student bu okuw jaýynda magistraturany üstünlikli tamamlady, iki student bolsa bakalawrlykda okaýar.

Gyrgyzystanyň Häzirki zaman maglumat tehnologiýalary we bilim inistitutynda hem türkmenistanly studentleriň ýokdugy aýdylýar. Institutyň okuw bölüminiň başlygynyň orunbasary Tatýana Baltiýewa bu ÝOJ-y tamamlan türkmen studentleriniň öz ýurtlarynda işe ýerleşmekde kynçylyk çekýändiklerini, ol ýerde Gyrgyzystanyň diplomlaryna kän ynanylmandygyny aýdypdyr. Tatýana Baltiýewa Azatlyk radiosyndan telefon edilende özüniň habartm.org websaýtynyň redaksiýasyna beren maglumatlarynyň dogrudygyny tassyk etdi.

Bu ÝOJ-da 2010-2011-nji ýyllarda Türkmenistandan 66 studentiň okandygy aýdylýar. 2012-nji ýylda ony 7 türkmenistanly tamamlapdyr, emma 2013-2014-nji ýyllarda bu okuw jaýynda türkmenistanly student okamandyr.

Taken Akylbekowa Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň hökümetleriniň arasynda awgust aýynyň başynda gol çekilen ylalaşyklarda bilim meselesinde anyk nämäniň göz öňünde tutulandygyny bilmeýändigini, ýöne eger ol ylalaşyklarda şeýle madda bar bolsa, türkmen studentleriniň özlerinde okamaga gelmegine örän şat boljakdyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG