Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Blog

Köppartiýalylyk: düýşmi ýa hyýal?

24.02.2010

Garaşsyzlygymyzyň 19-njy ýylynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna ösen döwletleriň durmuşynda adaty zat we demokratik ýörelgeleriň başlangyjy bolan köppartiýalylyk sistemasyny döretmegi söz berdi.

Abdy Kulyýew
19 ýylyň dowamynda Türkmenistanda köppartiýalylyk sistemasyny ornaşdyrmak üçin niçeme adamlar öz gujur-gaýratlaryny sarp etdiler. Olar köp kynçylyklara sezewar boldular, ýöne öz prinsiplerinden dänmediler. Ine, bu günem oturyp, şol geçilen ýola nazar aýlaýan, geçeni ýatlaýan. Ýadyma Abdy Kulyýewiň aýdan sözleri gelýär: “Şu gün bolmasa, ertir Türkmenistanda hökman köppartiýalylyk sistemasy girer we ol türkmen halkyny adalatly durmuşa elter”.

Ine, onuň aýdan şol “ertiri” hem geldi. Biz, türkmenler, syýasy partiýalary açmaga taýýarmy? Ýa ýene-de öz betbagt günümizi hökümetden, goňşy döwletlerden görüp, öz gorkaklygymyzy boýun alman, gedemlik edip ýaşamalymy?

18-nji fewralda nobatdaky hökümet mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda köppartiýaly sistema, ýagny oppozision partiýalaryň döremegine rugsat berýändigi baradaky habary dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri wajyp waka hökmünde gürrüň edýän bolsalar, Türkmenistanda ol täzelige ilat kän bir üns hem bermedi. Döwlet düzüminde işleýänler adaty gün tertibinde işleseler, ownuk telekeçiler bir manadyny iki manat etjek bolup, ylgaşyp, başagaý bolşup ýörler. Olar prezidentiň partiýa açmak hakynda eden çykyşyny maslahat edenlerinden, aýdymçy Laçyn Mämmedowanyň şahsy durmuşynyň gybatyny edenlerini gowy görýärler.

Bu näme üçin beýle bolýar?

Aslynda Türkmenistanda syýasat bilen gyzyklanmak diňe gorkuly däl-de, eýsem samsyklyk hem hasap edilýär. Köp ýyllaryň dowamynda syýasat bilen meşgullanýan adamlara tentek, akylyndan azaşan hem diýýärdiler. Türkmenler syýasy göreşe it urşuna tomaşa edýän ýaly garaýardylar. Itler gara-gana bulaşdygyça, tomaşa edýänleriň keýpi göterilýärdi. Syýasy göreşde pikiri üçin tutulyp-basylýanlary görenlerinde, adamlaryň keýpi asamana galýardy. Olar muny diňe gybat derejesinde agzaşyp oňaýýardylar. Käbirleri bolsa ýurtda syýasy göreşe goşulman çetde durandyklaryna begenýärdiler. Şonuň üçin özlerini akylly hasap edýärdiler.

Şu jemgyýete syýasy azatlyk bereniň bilen olar ondan doly we dogry peýdalanyp bilermi? Öňler men bu sowala “elbetde başarar” diýip aýdardym. Diktator Saparmyrat Nyýazowyň “türkmenler erkin syýasaty doly we dogry peýdalanyp bilmez” diýen çykyşy häzirem ýadymdan çykanok. Öň men beýle pikiri oňlamokdym. Indi bolsa men ol pikirler bilen ylalaşyp başladym. Muny maňa durmuş öwretdi.

Eýsem, indi “Partiýalar hakynda” täze kanun kabul edilenden soň, halkyň arasynda syýasy aktiwlik artarmy? Biziň syýasy göreşe goşulmagymyza päsgel beren zat ýurtda syýasy partiýalar hakyndaky kanunyň kabul edilmändigindenmi? Bu sowala “ýok” diýip, jogap berseň bolar. Türkmenistanda syýasat bilen gyzyklanjak bolsaň, “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda kanun” bar. Ine, şol kanun esasynda hem jemgyýetçilik birleşigini açyp, resmi ýagdaýda ýurduň içinde herket edip bilýäň.

Ýöne biz ýene nalajedeýinligimizi edip, özümze “şol kanunda jemgyýetçilik birleşigini açmak üçin 500 adam toplamaly, ony bolsa nireden almaly?” diýen sowaly berýäris. Eger-de şol kanunda 500 adama derek 15 edilse, onda jemgyýetçilik guramasyny açyp biljegimizi aýdýarys we şoňa-da ynanan bolýarys. Biz, türkmenler, öz durmuşymyzy we çagalarymyzyň geljegini alada edýän millet bolan bolsadyk, onda 500 däl 500.000 (bäş ýüz müň) adam hem toplap bilerdik... Biz bolsa diňe şu günümiz bilen ýaşaýan millet. Ertirimiziň aldasyny edemzok. Edýänlerem halamzok.

Prezident özüne düşen işi etdi. Ýurtda oppozision partiýalara rugsat berdi. Ýene, belkem, sanlyja aýdan Türkmenistanyň Mejlisi “Partiýalar hakynda Konstitusion kanunyny” kabul eder. Şondan soň partiýa açmak barada tanaýan, bilýän adamlaň ýanyna baryp “Täze partiýa döredýäris, agza bolsana, ýa-da tanyşlaryňa aýtsana” diýersiň welin, tanyşlaryň her dürli bahana tapar. “Doganym pylan ýerde işleýär, inim bir ýeriniň başlygy, şolara zyýan bolar, aý pismidan bolar” diýip, ýanyňdan gaçarlar.

Hany, onda täze ýaş nesil nirede? Daşary döwletlerde okap gelenler nirede? Dogrusy, olar ýurduň içindäkilerdenem beter. Nirede düşewüntli iş bolsa, olaram şol ýerde. Olaryň aglabasy puluň, dogrusyny aýtsaň, “kapitalyň” aşygy bolup gelipdir. Syýasy meselede olar entek pak. Öň hökümet partiýalara rugsat bermeýän bolsa, indi kanun kabul edilenden soň, açyljak partiýa agza-da tapmarsyň.

Käbir adamlar Türkmenistanda köppartiýaly sistema erkin işlemez, ol hökman “jübi” partiýasy bolar diýýärler. Ol dogry. Häzir Türkmenistanda diňe döwlet tarapyndan düzülen partiýalar emele gelip biler. Bu hem geljekde erkin, özbaşdak işläp bilýän partiýalaryň döremegine getirer. Bize, türkmenlere, syýasy medeniýet ýetmeýär. Şonuň üçin ol medeniýeti biz döwletiň goldap döretjek partiýalarynyň iş tejribelerinden almaly bolarys.

Köppartiýaly sistema türkmen hökümeti üçin hem täze başlangyçdyr. Oňa uýgunlaşyp, işlemek we ýaşamak üçin entek birnäçe ýyllar gerek bolar. Eger-de Saparmyrat Nyýazow köppartiýaly sistemany ölmezinden öň 90-njy ýyllaryň ortalaryndan girizen bolsady, onda häzir biz erkin saýlawlar barada hem gürrüň edip bilerdik.

Goňşy döwletlerde...

S.Nyýazowyň goňşy döwletleriň syýasy tejribesinden ýüz öwürmegi Türkmenistanyň öňki SSSR-e girýän döwletleriň arasynda bir partiýaly ýeke-täk döwlet bolup galmagyna getirdi. Häzirki gün goňşy Özbegistanda bäş sany döwlet tarapyndan hasaba alnan syýasy partiýalar bar. Olaryň hemmesi-de Özbegistanyň Parlamentinde wekilçilik edýärler.

1.“Adolat” Özbegistanyň sosial-demokratik partiýasy. 1995-nji ýylyň 10-njy fewralynda döredilen. 50.108 sany agzasy bar. 10 sany agzasy Parlamentiň deputatlary.

2.“Fidokorlar” Özbegistanyň milli-demokratik partiýasy. 2000-nji ýylyň 14-nj aprelinde döredilen. 61.750 agzasy bar. 18 agzasy Parlamentiň deputaty.

3.“Milli tiklaniş” (Milli galkynyş) Özbegistanyň demokratik partiýasy. 1995-nji ýylyň 3-nji iýunynda döredilen. 11 sany agzasy Parlamentiň deputaty.

4.Özbegistanyň liberal-demokratik partiýasy (Telekeçileriň we täjirleriň hereketi). 2003-nji ýylyň 15-nji noýabrynda döredilen. 141.818 agzasy bar. 41 sany agzasy Parlamentiň deputaty.

5.Özbegistanyň halk-demokratik partiýasy. 1991-nji ýylyň 1-nji noýabrynda döredilen. 580000 agzasy bar. 28 sany agzasy Parlamentiň deputaty.

Gazagystanda 20-ä golaý syýasy partiýa döwlet tarapyndan hasaba alnan. Olar ýurduň Parlamentinde hem hereket edýärler. Dogry, bu döwletlerdäki partiýalaryň hemmesi diýen ýaly hökümet strukturasynyň täsirinden çykman hereket edýärler. Ýöne şeýle-de bolsa, ol syýasy partiýalar öz halkynyň syýasy medeniýetiniň baýlaşmagyna uly goşant goşýarlar. Wagtyň geçmegi bilen olar özbaşdak syýasy hereketlere başlarlar.

Türkmenistanda dörediljek partiýalar ilki döwletiň täsirinde bolsalar hem soňraky ýyllarda halkyň syýasy medenýetiniň ösmegi bilen hakyky oppozision häsiýete eýe bolarlar.

Täze dörediljek partiýalar 2013-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşarlar diýen umyt bar. Ol hem geljekki ýyllarda ýurtda syýasy aktiwligiň ýuwaş-ýuwaşdan artmagyna getirer. 2017-nji ýylda bolsa Türkmenistanda prezident saýlawlary köppartiýalylyk prinsiplerinden ugur alyp, dürli partiýalardan dalaşgärleriň gatnaşmagynda geçer. Diňe şondan soň Türkmenistan ösen döwletleriň barýan ýoluna golaýlaşar.

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Meret nireden: Poltava
23.02.2010 19:48
+0 / -0
şol "berilen söz" tutylyp şu yylda partiya açylsa/rugsat berilse begenjek. shona hem kan bir ynanyp baramok..

kimden: Beyyazit
23.02.2010 22:25
+0 / -0
"Prezident özüne düşen işi etdi."
Bu nädogry, ol diňe wada berdi.
“Partiýalar hakynda” täze kanun kabul edilenden soň...Ýenede "edilenden soň"..başga biri etmeli, halk bolsa diňe daşyndan seredip orurmaly we begenmeli...
Populizm....

kimden: mert nireden: ankara
24.02.2010 03:46
+0 / -0
Ilki bilen awtora bu makalasy ucin minnetdralyk bildiryarin. \ol ahli hakykatlary aydypdyr. Berekella! Onsonam onun yazysy yapy prezident oppozisiyon partiyalary acyp boljakdygyny yglan etdi. Indi Alyn Aly meydanyna gayraty bolanalr cykybermeli. Eysem prezident oppozisiyon partiyany acyp hem bersinmi? Basga name gerekmis bu millete? Ikinjide awtoryn yazysy yaly siaysy aprtiya acmak ucin 500 dalde 15 adamy yignamak hem bu jemguyetde mumkin dal. Cunki adamlar gara gunleri bilen basagay. O zayakalryna plata uryandykalryny cagalaryny dasady yurda okuwa yollap basyny gutaranyny gowy goryarler. Emma beydip barjak yerimiz nire?? Garaz jemgiyetdaki nogsanlyklary acyk aydyp, gowsak taraplarymyzy aytmak dine peydamyza diyip pikir edyarin. Nicezar asmanda ucup yormlei! Halk oz ykbalyny hacan ozi cozerka? Jogabyny tapmak kyn sowal.....

kimden: Ayhan
24.02.2010 20:11
+0 / -0
Umuman entek halkymyz muna tayyar dal diyiljek bolya-da. Bey diyip gol gowşuryp otursanam-a bolmaz. Halkyn an-düşünjesinin ösmegi, dünyagarayyşynyn ginemegi we demokrasiyanyn hökmürowan bolmagy üçin jan etmeli. Hiç wagtam umutsyz bolmaly dal, Türkmen halkyna yol görkezmeli we öz ykbalyny özünin kesgitlemelidigine ony ynandyrmaly. Birem asyl möhim zat: Edyan işlerimizi şan-şöhrat, wezipe ya bahbit üçin dal-de Yurdumyzyn hem sosial-durmuş taydan hemem demokrasiya taydan has gowy derejelere yetmegi üçin etmeli. Aygytly hereket etmeli, aktiw bolmaly we öz hakymyzy talap etmegi başarmaly. Özümiz özümizi düzeltmesek daşardan gelip Türkmeni düzeltjek yok doganlar... Adalatyn, demokrasiyanyn, adam haklary we hukuklary boyunça ösen jemgyyetin arzuwy we umudy bilen.... Ayhan.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil