Penşenbe, Fewral 09, 2012 Aşgabat wagty 18:34

Blog

Berdi Kerbabaýew: töhmet pidasy

(Ýazyjynyň doglan gününiň 116 ýyllygyna)

Tekstiň ululygy - +
XX asyr türkmen edebiýatynda yz galdyryp giden yazyjylaryň biri hem Berdi Kerbabaýewdir. Döwürdeşleri oňa türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy diýip at beripdler. Ol 1920-30-njy ýyllarda proza žanrynda, kyssada ýazan ilkinji türkmen ýazyjylarynyň biridir. Şu ýylyň 15-nji martynda Berdi aganyň 116 ýaşy doldy.

Berdi Kerbabaýew 1894-nji ýylyň 15-nji martynda Tejen etrabynyň Gowkyzereň obasynda dogulýar. Ol Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Sosialistik zähmetiň gahrymany, Magtymguly baýragynyň laureaty. Onuň galamynyň astyndan "Aýgytly ädim", "Gaýgysyz Atabaý", "Nebitdag", "Suw damjasy – altyn dänesi", "Japbaklar", "Öten günler" ýaly eserler çykdy. Berdi Kerbabanyň kitaplary türkmen edebiýatyndan başga dillere iň köp terjime edilen eserleriň hatarynda durýar.

Garaşsyzlyk döwründe Berdi Kerbabaýewiň adynyň resmi suratda öçürilmegi meni köp oýa batyrýardy. Baryp 1974-nji ýylda dünýeden öten ýazyjynyň prezident Saparmyrat Nyýazowyň öňünde näme etmişi bardyka? Şeýle sowal meniň öňümde mydama keserip durýardy. Haçan-da Saparmyrat Nyýazow Berdi Kerbabanyň edebi-öý muzeýini ýykdyrdanda, men ol sowalyň jogabyna düşünip galdym. Dünýäde diktatorlaryň hemmesi döredijilik adamlaryndan gorkupdyrlar. Sebäbi olar ölensoňlaram öz goýup giden eserleri bilen halkyň arasynda ýaşapdyrlar, halkam şondan güýç-kuwwat alypdyr. Ine, şu duýgynam diktatorlar ýok etmäge çalşypdyrlar. Olar näçe jan etselerem, halkyň hakyky hormatyna mynasyp bolan şahsyýetleri milletiň aňyndan ýok edip bilmändirler. Adolf Gitleriň beýik nemes şahyry Iogann Gýötaniň kitaplaryny ýakdyrmagy, Staliniň höküm süren ýyllarynda Iwan Buniniň, Anna Ahmatowanyň eserleriniň we olaryň atlarynyň tutulmagynyň gadagan edilmegi muňa mysal bolup biler. Tiranlar ýok bolansoň, ol ägirtler ýene öz haklaryna gowuşdylar.

Kerbabaýewiň öý-muzeýiniň ýerleşen ýeri.
Saparmyrat Nyýazowam öz "halypalaryndan" sapak alyp, türkmen medeniýetini we sungatyny ýok etmäge girişdi. Halkyň ençeme ýyllap damjalap ýygnan döredijilik baýlygyny 5-10 ýylyň içinde püçege çykardy. Ol türkmene kesekiniň etmedik zyýanyny etdi. Milleti burup, baglap taşlady. Onuň erki dag aşýardy. Ol biziň Berdi Kerbabaýewimizi gözümiziň öňünden aýyrsa-da, ýüregimizden, aňymyzdan ýok edip bilmedi.

Käte ýolum düşse, Berdi aganyň öý-muzeýniň duran ýerine gelýän, boşap galan, eliň aýasy ýaly ýer, 3-4 sany gögerip duran agaç bolaýmasa, başga zat ýok. Indiki zamanyň ýaşlary ony bilýänem däldirler. Ýöne meniň aňymda ol elmydama bar. Mekdep ýyllarymyz biz Berdi Kerbabaýewiň edebi öý-muzeýine giderdik. Mugallymymyz ol ýerde açyk sapak geçirerdi. Bizem edebiýat ummanynyň jümmüşine girerdik.

Çagalyk ýyllarym, kakam meni ýanyndan aýyrmazdy. Ol köp ýerik meni alyp giderdi. 1973-nji ýylda kakam bilen Berdi Kerbabaýewiň öýüne gelenimiz meniň häzirem ýadymda. Berdi agalara 2-3 sapar baranym gowy ýadyma gelýär. Ilki göremde, men Berdi agadan gorkdumam. Daýaw, ak saçly, hasam onuň jontuk gysga murtlary meniň ünsümi çekipdi. Men olar ýaly murtly adamlary diňe kinolarda görýärdim. Onuň sesi hazirem gulagymdan gidenok. Gyrygrak sesi bardy. Berdi aganyň maňa beren ullakan armydy häzirem gowy ýadymda.

Garaşsyzlyk döwründe agyr ýyllar başymyza düşdi. Bir gün tanşym jaň edip, Karl Marks (häzirki Azady adyndaky) kitaphananyň öz fondundaky kitaplaryny satýandygyny habar berdi. Men eglenmän, baryp satylýan kitaplary gördüm. Ol ýerde diňe rus ýa beýleki dilli ýazyjylaň kitabyndan başga-da, türkmen ýazyjylarynyňam eserleri bardy. Kitaplaryň bahasam arzandy, bir muň manatdy, iň gymmady bolsa, 4 müňdi. Men alyp bilen kitaplarymy aldym-da, kitaphanaçy gelniň ýanyna geldim, ol maňa seretdi-de: "Bizem gynanýarys şulary satýanymyza, nädeli-dä, ýokardan görkezme geldi-dä! "Az wagtyň içinde satmaly diýip buýurdylar", ine, indem, deger-degmez baha satýarys" diýip, meniň alan kitaplarymy jemläp, elime berdi. Alan kitaplarymyň arasynda Berdi Kerbabaýewiň 1971-nji ýylda çykan goşgular ýygyndysam bardy. Bu ýygyndydaky goşgulara men öň gabat gelmändim. Ol esasan Berdi aganyň 1950-nji ýyllaryň ortalarynda ýurtda "syýasy doňaklygyň çözülip ugran döwürleri" diýip at alan wagtlar, SSKP-niň XX gurlutaýyndan soň, Staliniň şahsyýet kultunyň ýazgarylýan döwürleri ýazan goşgularydy. Bu goşgular gaty erkin ýazylypdyr. Onda awtoryň içki pikirleri aýdyň görkezilýär. Mysal üçin, ine, awtoryň "Siňek" diýen şygry:

Sen, eý, gep gezdirip, ýürek bulaýan,
Zäher gatma adamlaryň aşyna.
Kimiň murtun, kimiň syrtyn ýalaýan,
Syrtmak salma bigünäleň başyna.
El çekmeseň ýürekbulanç käriňden,
Mahrum borsuň ganatyňdan, periňden!


Elbetde, awtoryň bu şygyrda galdyrýan problemalary, gynansagam, häzirki gün, biziň durmuşymyzda gaty aktual.

Berdi Kerbabaýewiň şol ýyllarda ýazan şygyrlarynyň adaty ýazýan goşgularyndan diňe many däl, eýsem forma taýdanam özboluşly tapawudy bar. "Göterim" diýen şygry, adyndan belli bolşy ýaly, bedinebis häsiýetli adamynyň sypatyny görkezýär.

Ýelginlenip göterilme, göterim,
Bu bolşuň bilen uçmagyň kyndyr,
Idili iş etmän, hetdiňden aşsaň,
Böwen ýaly ýarylmagyň mümkindir.
Çeni ýagşy, garamasaň paşmaga,
Dönersiň bir ýel göteren peşmege!


"Ýaranjaň" goşgusynda awtor ýaranjaň adamlaryň keşbini, häsiýetini ussatlyk bilen beýan edýär.

Ýaranjaň bir açgöz agta,
Ýalynjyrar ýalan, ýalan.
Iýtseň başy ykjam nogta,
Münseň gerşi ýasy palan.
Dürt gerşine, dep garnyna,
Dikgirdär eşek ornuna.


Berdi Kerbabaýewiň durmuş ýoly öwrümli-öwrümli ýodalardan durýar. Ol töhmet belasyndan ejir çeken adamlaryň biridir. Töhmetiň adama salan ýaralaryny ol "Ýeňindedir pyçagy" diýen şygrynda açyk görkezýär.

Ýalan sözläp, dilin süýjüdýänden gaç,
Duzun datma, elwan bolsa saçagy.
Million wada berse, hemmesinden geç,
Ýeňindedir onuň töhmet pyçagy.

Berdi aga ajy günlerem başyndan geçirýär. Ol ömründe üç gezek tussag edilýär. Ilkinji gezek 1919-njy ýylda ak gwardiýaçylar tarapyndan tussag edilen bolsa, 1932-nji we 1937-nji ýyllarda, stalinizmiň pidasy bolýar. Berdi Kerbabaýew töhmetden ýanan ynsandyr. Ol özüniň içki duýgusyny diňe 1958-nji ýylda ýazan "Satlyk dost" diýen şygrynda doly beýan edýär.

Dostum, iýenimiz aýry gitmezdi,
Ynanýardyk bir-birege janymyz.
Hiç-kim bizi dogan däldir öýtmezdi,
Ortadady gazanjymyz, nanymyz...
Bir-birekden aýra düşmek haýypdy.
Ýamanlygy oýlamak-da aýypdy.

Ýyllar ötdi, käsi agramly geçdi,
Sen suslandyň, men dynuwsyz ýüwürdim.
Görnüşimiz, keşbimiz-de degişdi,
Sen gartmaç, men gojalyga ýüz urdum...
Ne döw çaldy?.. Geçipsiň meň daşyma.
Dürli töhmet ýagdyrypsyň başyma!


Samanyň astyndan suwuň goýbermän,
Ýüzbe-ýüz dik durup äşgär aýtsaňdyň,
Assyryn haýynlyk donuna girmän,
Göni durup gursagymdan atsaňdyň.
Ölmi agyr görüp, men “ah“ çekmezdim,
Hyrçym dişläp, ala gözli bakmazdym.

Nämüçin öz dostuň satdyň bir pula?
Belki, özgäň gepine sen gidensiň?
Ýeňsämden iterip, sen güle-güle.
Bal günüňe bataýaryň öýdensiň?
Kalbyň ony niçik kabul etdikä?
Men bilmedim saňa kimden ýetdikä?


Emma ol hak! Atan okuň gös-göni
Islegiňden öteräk-de işledi.
Ýeňsämden penjeläp, südürläp meni
Agzym gum garbadyp, arka taşlady...
Meň bagtyma töhmet buzy tiz eräp,
Özümi dürsedim ýaňadan döräp.

Indi meniň güýç- kuwwatym elimde,
Hemme ýerde maňa dostluk beslenýär.
Sen çaňa bulaşyp, galdyň ýolumda,
Sen ýalylar itden beter pislenýär.
Dostlugy bir pula satan sen elhenç!
Ýüzüňe tüýkürin, görünme-de gaç!


Bu goşgynyň aňyrsynda uly ykbal ýatyr. Berdi aga ony ýaşlyk ýyllarynyň dosty şahyr Garaja Burunowa ýüzlenip ýazýar. Olaryň dostlygy çagalyk ýyllaryndan başlaýar. Ony Berdi Kerbabaýew "Öten günler" atly awtobiografik romanynda giňişleýin beýan edip görkezýär.

Dowamy bar.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: AYHAN nireden: MARY
16.03.2010 19:01
+0 / -0
Gowy makala. Galamyna kuwwat hormatly awtor! Berdi agadan başga-da gadry bilnmeyan we sarpasy saklanmayan bir topar şahyr-yazyjy, güyçli döredijilik işgarleri bar. Olar Türkmen halkynyn hakydasynda we yüreginde hemişelik yaşayar Nesip bolsa ylyma-bilime, medeniyete, döredijilige, sungata we edebiyata üns beryan, ony ösdürjek taze yolbaşçylar yetişip Türkmen halkynyn beyik ogullarynyn, beyik gyzlarynyn sarpasyny saklar, olara hormat edip, döredijiligin ösmegine goldaw bererler. Türkmen halkynyn, umydy,arzuwy we göwün islegi-ha şolar yaly. Galan zadam name Allajanyn özi gowusyny etsin-da.... Ayhan Mary.

kimden: Galtaman nireden: Mary
16.03.2010 21:55
+0 / -0
Gurbangeldi berekella yazan makalana. Eger mumkin bolsa bulary yaly gosgulary tazeden cap etdirip bolyarmyka? Hatda butin kitaby tazeden cap etdirip bolsady. Juda bolmasa sheydip birlan-ikilan yazyp dursanama yygnanardy. Kop sag bol,dowam et!

kimden: Myrat nireden: Mary
17.03.2010 13:04
+0 / -0
Berdi aganyn, Kerim aganyn, Hydyr Deryanyn, Ata Salyhyn, Ata Gowşudyn, Gurbannazar Ezizin we yene-de Türkmenin ençeme beyik ogullarynyn sarpasy hemişe belentden tutulmaly. Döwlet döredijilige we olaryn işlerine naçe ahmiyet bermese-de olar Türkmen halkynyn anynda-düşünjesinde, yüreginde we kalbynda-ruhunda hemişelik yaşayalar. Halk olary hiç mahal untumayar. Olaryn eserlerini goşgudyr-hekayalaryny, powestdir-romanlaryny ürç edip okaya. Sizden hayişimiz gayrat edip şolaryn gysgajygam bolsa kabir goşgularyny, hekayadyr-makalalaryny İnternet Sahypanyzdan (azathabar.com) yzygiderli berip dursanyz-da. Millete gaty nepi deger. Köp Tanryyalkasyn alarsynyz Sebabi halk olary gaty halaya we sylaya. Saglygnyz Size Üstünlikler arzuw edyan KÖPSALAM bilen Myrat Mary.

kimden: Maryly
17.03.2010 13:23
+0 / -0
Tuweleme, Mary bolup dur! :) Bar bar akgalardan bar :)
Muňa jogap

kimden: Aşyr
17.03.2010 14:09
+0 / -0
Meşhur Maru-Şahu-Jahan adyny alyp, Yüpek yolda merkez döreden Mary. Adyn bilen ayan etdin Türkmeni. Suwhan Orazberdiyew Mary diyen aydym. turkmencafe.com Aydym Sayty. :) Türkmeni asmana göteren Mary. Aşyr...