Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Blog

Indi muňa ýürek çydamaz…

19.03.2010
Biziň jygyllyk bazaryna diýip münen taksimiziň sürüjisi elli ýaşa golaýlap barýan kişidi. Agras ýüzi, gaharjaň keşbi onuň bir zada janynyň ýanyp duranyndan habar berýärdi. Ol sil kimin akyp barýan maşynlaryň öz öňüne häli-şindi böwet bolmasyna gaharlanýardy.

«Muňa serediň-ä, hemmeler ýolda. Çaga eklemek üçin bäş manat gazanaýyn diýip, her kim ýyldyz barka bazara gelýär. Dogrusyny aýtsaň, geleniňe-de degenok. Diňe bir günki iýjek çöregiňi gazanyp bolýar. Alyjydan satyjy kän. Iş bolmansoň, hemmeler aluw-satuw bilen meşgullanmaga başladylar» diýip, sürüji öz-özünden gürrüňe başlady.

Benziniň gymmatlygy sebäpli, gazanýan pulundan diňe çörek puly artdyryp bolýandygyny aýdyp, sürüji nalady. Maşynlar dyklyşyp, biri-birine ýol bermän başladygy ol «artykmaç benzinim gidýär» diýip, maşynyny öçürip goýýardy. Ýöremeli bolanda ýene maşynyny otlaýardy. «Içi ýanan gazal okar» diýenleri boldy. Ol ýaşulynyň durmuşdan içi ýanyp dur eken.

«Nyýazow ýogalanda umytlanypdyk. Ol jaý ýykma keselinem öz bilen alyp gidendir» diýip, pikir etdik. Täze gelen jaý ýykjak dälmiş diýip, erteki otardyk. Büýem başlajak öýdýän. Hol gün agşam, telewizorda aýdan zatlaryny diňlediňizmi onuň? Ýene jaý ýykmaga görkezme berdi» diýip, taksiniň sürüjisi janyýangynlyk bilen Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 12-nji martdaky mejlisi hakda gürrüň gozgady.

«Özleriň başyna salaýsaň şu betbagtçylygy. Özleri weli owadan jaýlardan ýedi arkasyna ýeter ýalysyny alyp goýdular. Biz indi näme etmeli? Iş ýok. Ine, şu köneje maşynym bilen kireý edip çaga ekleýän. Munuň bilenem zordan çörek puly gazanyp bolýar. Jaý salmaga pul barmy adamlarda! Salanja zadyňy bir ýykmaly däl ahbeti» diýip, ýaşuly sürüji nalamasyny ýolboýy goýmady.

Sürüjiniň asly hakyky aşgabatly bolup, olar öňki «Leningrad» kolhozynda ýaşaýan ekenler. Üç erkek dogan. Üçüsiniň-de howlusy bar eken. Ejeleriniň aýratyn howlusy bar eken. Dört howlyny ýykyp, olara «Arkaçgurluşyk» edarasynyň guran jaýyndan üç otagly jaý beripdirler. Her maşgala bir otag. Ejeleri aşhanada ýaşamaly. Her dogana ýeten bir otagyň içinde üç-dört çaga, är-aýal ýaşamaly. «Günde sögüş, günde dawa» diýip, bize bu zatlary gürrüň beren ýaşuly janykdy. Soňra özüniň kireý edip ýygnanja puluna Çoganlydan mellek alyp, wagtlaýyn jaý salandygyny, indi ony hem ýykaýsalar, ýüreginiň muňa çydamajakdygyny gaharlanyp-gaharlanyp aýtdy.

Halkyň gaty ýuwaşdygyny, edenini edýän häkimiýetlere «haýt» diýmäge wagtyň ýetendigini öwran-öwran gaýtalady. «Kireý edip ýöremsoň, günde gapdalyndan ýüz sapar geçýän. Prezident üçin öň gurlan, gymmatbaha hem owadan köşk barka, öňki Lenin prospektiniň ugrunda ýene täze köşk gurup durlar. Şoňa gidýän pula ähli öýsüzlere öý gurup bolar. Ony Amerikanyň prezidentleriniň işleýän ýeri ýaly «Ak tam» diýip, atlandyrjakmyşlar. Ine, özler-ä şeýdip, edenlerini edip otyrlar. Halky bolsa asla äsgerenoklar» diýip, ýaşuly sürüji janyýangyn gepini dowam etdi.

Ýolda başy başatgyçly, garry daýza elini galdyrdy. Sürüji ony hem maşynyna mündürdi. Garry daýza öz ýanyndan birzatlardan zeýrenýärdi. Prezidentiň öý ýykmak barada Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 12-nji martdaky Mejlisinde aýdan sözleri onuň hem zähresini ýarypdyr.

Garry daýza Aşgabadyň etegindäki Köşi obasyna ýakyn Hellewler obasynda guran jaýlaryny Nyýazowyň döwründe ýykyp, «Ýalkym» obasynyň içindäki çagalar baglaryna dykylandyklaryny gürrüň berdi. Garry daýzanyň gününe seredeniňde ýaşuly sürüjiniň güni ýene ganymat bolup çykdy. Çagalar bagyna dykylan adamlara her maşgala üçin bir otag beripdirler. Goş-golamlaryny tanyş-bilişleriniňkä düşüren adamlaryň henizem jaýa garaşyp ýörendiklerini, emma olaryň ykbalyna hiç kimiň üns bermeýändigini ol daýza gürrüň berdi. Gaýynene, gaýynata, ogul-gelin, çagalar—barysy bir otagda. Ýagdaý tapanlar karz-kowal pul tapyp, şäheriň çet gyralaryndan wagtlaýyn tünejik salypdyrlar. Ine, indi ol tüneklere hem ýykylmak garaşýar. «Sowet döwrüniň başlyklary hem biziň öýümizi ýykmandy» diýip, garry daýza nalyndy. «Bular olarça-da bolmadylar».

Bu günler adam duşan ýerde şeýle gürrünleri eşidip bolýar. Sebäbi Türkmenistanda öý ýykyşlyk kampaniýasy ýene täzeden möwç alyp başlady. Adam ykbalyna türkmen häkimiýetleri örän rehimsiz seredýärler öýdýän. Şu öý ýykmalar olaryň ulanýan «Döwlet - adam üçindir» diýen şygaryna näderejede laýyk gelýärkä?

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: gurban
19.03.2010 10:58
+0 / -0
Blogda oran yerlikli pikir one surlupdir. Yone, Asgabat saheri Turkmenistanyn icinde pulun in kop dolanyan yeri. Bu yerde halk Turkmenistanda bolup biljek ya-da rugsat berilyan yasaysyn in onat wariantyny yasayarlar. Beyleki welayatlarda bolsa 2 manaty(10 mun manat) nesye alyan yasayjylarymyzyn yanynda bu gatlak has bay hasaplanyar. Turkmen nebitinin we gazynyn puly in kop Asgabada we yasayjylaryna goyberilyar we Asgabady dunyanin hic bir saherinde gorulmedik gadancylyklar bilen dolandyryarlar. Hokumedin puly n kop Asgabatda iyilyar, edaralaryn basyny ozunde jemlani ucin.

kimden: gülnabat nireden: istanbul
19.03.2010 15:41
+0 / -0
Birinjiden, ol onki gurlan jaylar rugsatsyz gurulmadyk. Eger rugsatsyz gurlan bolsa döwledin ol jaylary yykmana doly haky bar. İkinjiden eger dowlet birinin şahsy mülkine el goyjak bolsa, ol yerin bedelini tölemelidir. Ondadam, dowledin bahanasy halkyn peydasy bolmalydyr. A bizde edilyan bolsa, gönümel yykyalar. Adamlaryn yykma kararyny suda bermanede haky yok(demokratiya wapşe yok). Son ol taze mermerden gurulyan jaylarynam 50% boş we halkyn almana yagdayy yetenok. Doly bolanlaram dowlet edaralarynda işleyanler yerleşyar. Ol jaylaryn birini gurmana berlen pulun bahasyna, yenam hemme zady amatly on sany 5 etaj yaşayyş jayy arkayyn gurlup bilinyar. Meyli eger dowlet Aşgabady mermer şaher etjek diyse, büzmeyin we yakyn şahelerede toply yaşayyş jaylary gursun. Orta synp maşgalalaram bir zat edip gününi gormelidira? Garaz dowledin içerki syyasaty hazirem onki yaly gaty erbet... Huda akyl-pikir bersin yolbaşçylara......omin

kimden: nabelli nireden: istanbul
19.03.2010 19:07
+0 / -0
Ay, biz bu zatlary barde diskussiya edyarkak , prezident entek yene bir hokga chykarar. Bolmaz-a ol Turkmenbashydan kem galsa , has beter owdurmeli , hem-de has beter edip yykmaly ! Ynha bularyn syyasatlary !

kimden: MOSKWALY-TURKMEN OGLY nireden: MOSKWA
20.03.2010 03:04
+0 / -0
Nabelli, yazyan zatlaryn gaty dogry, hokumede "hayt-kush" diymesen butin halky oysiz goyjak bular. Menin her munen taksimim surujisi sheyle janykyardy, shonun sebabi, hich bir adam guni gowy bolany uchin kirey edenok. Shol ak-mermer jaylara berilyan pullara orta-klass mashgala jay gursan amatly boljak!

kimden: gena nireden: tanzaniya
20.03.2010 05:50
+0 / -0
Yany bir yurduma dolanayin diyip pikir edyadim ichimden, bu habarlary eshidip indi pikirimi uytgetdim. Hachana chenli sheydip yoremeli.
Muňa jogap

kimden: MOSKWALY-TURKMEN OGLY nireden: MOSKWA
20.03.2010 17:08
+0 / -0
GENA, TANZANIYADA NAME ISHIN BAR? GALYBERMELIDA TURKMENISTANDA:)
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzaniya
22.03.2010 15:29
+0 / -0
Menem sana soragym bar, Men Turkmenistanda name ishlayin? Ish yok bolsa, osup bolmasa, sowda edip bolmasa name edeyin anarda. Menem kop turkmenler yaly dashary yurtda 5 manat uchin. TM'da menin mashgalam bar, elbetde gaydyp bararyn, otayi men doglan yerim.
Muňa jogap

kimden: MOSKWALY-TURKMEN OGLY nireden: MOSKWA
22.03.2010 15:55
+0 / -0
Dogry aytyan Gena, menem Moskwada okap yorin, TMda okuw bar bolsa menhem shu yerik gelip oturmazdym. Okuwdan sonra oz ATA-WATANYMDA name ish etcegimide bilemok. Shu yerde bir sorag yuze chykyar : GAYDYP BARMALYMY ya-da YOK?
Muňa jogap

kimden: gurban
22.03.2010 18:17
+0 / -0
Hokman gaydyp barmaly. Towsana dogduk depe. Orsyetde han bolup yasadyn yone hacana cenli olyancan. Yza name galar?! Orslasan masgalan. belki de azrak pul, mulk. Bulardan watanymyza we jemgyyetimize peyda name. Ya-da Turkmenistanyn haly weyran, emma bu yagdaydan kim halas etmeli. Biz, yone wagty gelende. Allanyn okamaga we bilim almaga mumkincilik beren bolegi bolup duryarys biz jemgyyetimizde. Bu mumkincilik 6 milliona nesip etmeyar, edenler bolsa usutune dusen jogapkarciligi yerine yetirmeli. Emma dine wagty gelende. Dagamajak yaly SSSR, dagady. Diymek wagty gelse hemmesem bolar. Hacanlygy dine Hudaya malim? Gownunizi gin tutup okuw okan, islan. Yone basga yerin ilatyna owrulman!!! Biz gecmisde gazanan ustunliklerimiz hekaya ya-da erteki dal, hakykat.
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzaniya
29.03.2010 18:23
+0 / -0
Sana jogap. Bar ya barma ozun choz. Yone barsanam nama kime nadip dayanjagynada bagly. Eger gununi gorup bilsen bar, gorupbilmesen orsyette ya bashga yurtlara gitjek bol we ozune yashamaga yeterlik pul gazanyp son barsanam bor. Bilyan Turkmenistanda bolushy yaly hemme yerdede pulsyz gunun gechmez. Oylensena hokman turkmen gyza oylen. Oz milletligini yitirme. Name etsenem onde sonda TM gaydyp bar.
Muňa jogap

kimden: MOSKWALY-TURKMEN OGLY nireden: MOSKWA
23.03.2010 03:56
+0 / -0
Dogry Gurban, yone hokumet aladamyzy etmese kyn bolyarda. Gaty gaydasym gelyar oyume!
Muňa jogap

kimden: Gorogly nireden: Turkiye
01.04.2010 15:02
+0 / -0
Eyla yatsanyzam, beyla yatsanyzam-Turkmenistandaky yagday shundan ybarat, onki bilen tazanin hic hili tapawudy yok! Onki yeke ozi yumuryady-taze bolsa yegenleri bilen yumuryar. Yekeje tapawudy shonda. Gaydyp barmak baradaky mesela deginende bolsa, yat yurtda ha ozuni onaryan bolsan, oz yurdunda herhilem onararsyn ozuni. Yone bashga yurtlardan tapawutly Turkmenistandanda kabir ilat arasy kanunlar bar, hic kime karzyna pul berme, yildizlylara AGAMJAN diy, beladan gacha dur, burnuny sokmaly dal yere sokma. Turkmen ilatynyn owrenisen zadyny etjek bolsan-arkayinam yashap bolyar, han bolubam yashap bolyar. Yone asyl mesele, sholar yaly yashajak bolsan, hic bir zady uytgetmejek bolsan, gidip name etjek?!?! Size hic kim yokardakylary ayirin diyenok, hic kim olar yaly zady sizden garashanogam, yone men Turkmen bolup, Turkmenistanda bir türkden sheyle gurrun eshtdim, ''Sheyle halka-sheyle hokumet''. Ol turkun aydanynyn jany bar, asyl mesele hokumet dal adamlar, asyl mesele halk. Halk oz icinde bir zat etmese, hokumet halky bilimli etmeyar!!! Dashary yurtda okap gelen yigitler-gyzlar halka bir zat owretmeli, halka naman dogrydygyny-naman yalnyshdygyny owretmeli, dogra yonlendirmeli, ana shonda hokumet halkdan gorkak, ana shonda bir zatlar duzelip bashlar. Yeke adamyn etjek ishi bolan bolsa,eyyamden edilerdi, mesele halk!
Muňa jogap

kimden: d12 nireden: ukraina
03.04.2010 13:45
+0 / -0
sen hazir Turkmenistanymy gor nahili osip gideni son ol tanzaniyada 1 sagadam bolmorsyn

kimden: d12 nireden: Turkmenistan
03.04.2010 14:05
+0 / -0
Azatlyk radio sler shu yurda pisimist adamlary doredyanizler, eger yurtda kemchilik bolsa heme aydyp chozse bolyar, sebabi men bilyan turkmenistan uchin men yaly oljek adamlar kan. yurdun osmegi her bir adamdan zawisit. sen yurda hormat edyan-yurt sana edyar.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil