To get best possible experiance using our website we recommend that you upgrade to a newer version or other web browser. A list of the most popular web browsers can be found below.
Just click on the icons to get to the download page
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň gepleşikleri 28 dilde efire berilýär. Gepleşiklerimiziň köpüsini efir giňişligindäki ýurtlarda gysga we orta tolkunlar arkaly diňlemek mümkin. Eger radiomyzy internet arkaly diňlemekde kynçylyk çekýän bolsaňyz, onda tehniki kömek boýunça goldanmany okamagyňyzy haýyş edýäris.
Ýerli wagt zonasy
Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar.
07:00 - 08:00
Türkmenistandaky we halkara arenasyndaky soňky möhüm wakalar we meseleler barada ýörite informasion-analitiki programma. Bu programmada soňky möhüm wakalar we meseleler barada giňişleýin maglumatlar, analizler, synlar, makalalar, söhbetdeşlikler, reportažlar, kommentariýalar we diskussiýalar berilýär.
08:00 - 09:00
Türkmen we halkara aýal-gyzlarynyň durmuşyna degişli derwaýys meselelere we täzeliklere bagyşlanylyp taýýarlanylýan 15 minutlyk ýörite gepleşik. Bu gepleşikde aýal-gyzlaryn durmuşyna degişli maglumatlar, synlar, bu meseleler boýunça synçylaryň we bilermenleriň pikirleri, teklipleri we diskussiýalary berilýär.
Hepdäniň dowamynda Türkmenistanda ýa-da halkara arenasynda ýüze çykan, bolup geçen möhüm wakalar, meseleler barada anyk bir bilermen ýa-da synçy bilen geçirilýän 10 minutlyk ýörite söhbetdeşlik. Bu söhbetdeşlikde anyk bir waka ýa-da mesele barada synçy ýa-da bilermen bilen aktual gürrüňdeşlik geçirilýär we meseläniň dürli ugurlary barada pikir alyşylýar.
19:00 - 20:00
20:00 - 21:00
Türkmenistandaky ynsan hukuklarynyň meseleleri barada 15 minutlyk ýörite programma. Bu programmada ynsan hukuklary bilen baglanyşykly anyk meselelere, problemalara, hadysalara we wakalara syn berilýar, söhbetdeşlikler we diskussiýalar gurnalýar.
Ynsan saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly maglumatlar, täzelikler, wakalar, meseleler, problemalar we çözgütler barada 10 minutlyk ýörite gepleşik.
21:00 - 22:00
22:00 - 23:00