To get best possible experiance using our website we recommend that you upgrade to a newer version or other web browser. A list of the most popular web browsers can be found below.
Just click on the icons to get to the download page
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň gepleşikleri 28 dilde efire berilýär. Gepleşiklerimiziň köpüsini efir giňişligindäki ýurtlarda gysga we orta tolkunlar arkaly diňlemek mümkin. Eger radiomyzy internet arkaly diňlemekde kynçylyk çekýän bolsaňyz, onda tehniki kömek boýunça goldanmany okamagyňyzy haýyş edýäris.
Ýerli wagt zonasy
Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar.
07:00 - 08:00
Edebi, medeni we taryhy temalardan 25 minutlyk ýörite gepleşik.
Jemgyýetçilik durmuşynda bolan ýa-da bolup duran soňky möhum wakalara ýa-da problemalara bagyşlanylyp taýýarlanylýan ýörite Tegelek stol diskussiýasy. 25 minutlyk bu gepleşhikde syýasatçylar, analitikler we synçylar anyk meseleler boýunça öz garaýyşlaryny we tekliplerini orta atýarlar.
08:00 - 09:00
Türkmenistan we türkmen halky bilen ykbaly baglanyşykly görnükli şahsyýetleriň ömri we işi barada 55 minutlyk ýörite gepleşik. Bu gepleşikde gürrüňi edilýän gahrymanyň ömri we işi barada giňişleýin arhiw materiallary, dürli kärdäki adamlaryň, synçylaryň, bilermenleriň pikirleri, ýatlamalary we maglumatlary berilýär.
19:00 - 20:00
Türkmenistandaky we halkara arenasyndaky soňky möhüm wakalar we meseleler barada ýörite informasion-analitiki programma. Bu programmada soňky möhüm wakalar we meseleler barada giňişleýin maglumatlar, analizler, synlar, makalalar, söhbetdeşlikler, reportažlar, kommentariýalar we diskussiýalar berilýär.
20:00 - 21:00
Türkmenistanyň goňşy ýurtlarynyň jemgyýetçilik, syýasy we medeni durmuşyndaky möhüm wakalara we meselelere bagyşlanylýan 15 minutlyk ýörite gepleşik.
Türkmen halkynyň däp-dessurlary we olaryň dürli meseleleri barada 10 minutlyk ýörite gepleşik. Bu programmanyň dowamynda türkmen jemgyýetiniň şu günki meseleleri barada taýýarlanylan radio-dramalar hem efire berilýär.
21:00 - 22:00
22:00 - 23:00