Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Biziň materiallarymyzy ulanmak üçin rugsat alnyşy

RFE/RL-iň materiallaryny ulanmak üçin rugsat alnyşy
 
Makalalary göçürmek, audionyň we wideonyň ulanylyşy
RFE/RL öz websaýtynda neşir edilen tekstleriň başgalar tarapyndan gaýtadan ulanylmagyny, neşir edilmegini we ýaýradylmagyny goldaýar. Şeýle-de, biz RFE/RL-iň materiallarynyň websaýtlarda, elektron abuna sanawlarynda, habar toparlarynda we maglumat bazalarynda göçürilip goýulmagyny-da goldaýarys. Emma, RFE/RL-iň maglumatlaryny satmaklyk berk gadagandyr.

RFE/RL-iň maglumatlary ulanylanda, biz siziň şu aşakdakylary görkezip, RFE/RL-iň awtorlygyny nygtamagyňyzy soraýarys:

* makalanyň azathabar.com saýtdaky hemişelik çelgisini görkeziň,

* her bir makala bilen birlikde şu maglumaty görkeziň:

Copyright (c) 2011. RFE/RL, Inc. Reprinted with the permission of Radio Free Europe/Radio Liberty, 1201 Connecticut Ave., N.W. Washington DC 20036.

Eger makaladan bir bölegi ulanýan bolsaňyz, onuň makaladan bölekdigini görkezmegiňizi hem-de manylary, atlary we önümiň bitewiligini bozmazlygyňyzy soraýarys. RFE/RL öz maglumatyny ulanmak barada beren rugsadyny islendik wagt yzyna almaga hukuklydyr.

RFE/RL-iň we onuň 18 sany efir gullugynyň internetde ýerleşdirýän janly we arhiwlenen gepleşikleri diňe diňleýjilerimiziň diňlemekleri üçin niýetlenendir. RFE/RL-iň eksperss ýa-da ýazmaça görnüşdäki rugsady bolmazdan, olaryň efire goýberilmegi, efir üçin göçürilmegi ýa-da başga görnüşlerde ulanylmagy gadagandyr.

RFE/RL-iň tekstlerini, suratlaryny, audio ýa-da wideo materiallaryny ulanmak maksady bilen rugsat almak üçin şu e-mail adrese hat ýazyp bilersiňiz: web@rferl.org.

Üçünji tarapyň maglumaty
RFE/RL-iň käbir habarlary «Associated Press», «Roýter», «Frans-Press», ITAR-TASS ýaly daşarky agentlikler («Üçünji tarap») tarapyndan taýýarlanan maglumatlary öz içine alýar. RFE/RL-iň Üçünji tarapyň maglumatyny öz içine alýan islendik bir önümini ulanmazdan ozal, siz diňe bir RFE/RL-den rugsat almak bilen çäklenmän, eýsem Üçünji tarapyň hukuklaryna eýelik edýänlerdenem rusgat almalysyňyz.

Daşarky saýtlara çelgiler
RFE/RL käte özüniň websaýtlarynda RFE/RL-iň özüne degişli bolmadyk adamlaryň ýa-da guramalaryň saýtlaryny salgy berýän çelgileri-de hödürleýär. Öz websaýtlarynda daşarky saýtlara çelgi bermelimi ýa bermeli däldigi baradaky meselede RFE/RL, ozaly bilen, jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýan kommersiýa däl, syýasy partiýalara degişli bolmadyk guramalara artykmaçlyk berýär. RFE/RL bu daşarky saýtlaryň işine gözegçilik etmeýär we olaryň maglumatlaryny, işgärlerini, önümlerini we hyzmatlaryny propogandirlemeýär. Mundan daşary, RFE/RL şeýle saýtlaryň mazmuny, operatorlary, elýeterliligi, ygtybarlylygy, hili, reklamalary, hyzmatlary we beýleki materiallary üçin jogapkärçilik çekmeýär. Şeýle saýtlarda ýerleşdirilen ýa-da olaryň üsti bilen elýeterli bolan maglumatlaryň mazmuny, olardaky önümler ýa-da hyzmatlar sebäpli çekilen ýa-da çekilendir öýdülýän islendik bir zyýan ýa-da ýitgi üçin RFE/RL jogapkärçilik çekip bilmez.

Sitatalaryň stili
RFE/RL-iň materialyny ylmy işler üçin ulanaňyzda, ony sitata görnüşinde almaklygy unutmaň. Sitata ulanmaklygyň düzgünleri bilen tanyşmak üçin şu websaýtlara seredip bilersiňiz:

APA:
Electronic Reference Formats Recommended by the American Psychological Association

Chicago & Turabian:
A Brief Citation Guide for Internet Sources in History and the Humanities (by Melvin E. Page)

General Resource:
Karla's Guide To Citation Guidelines



ŞAHSY GIZLINLIK DÜZGÜNI

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy (RFE/RL) internet ulanyjylar öz şahsyýetleri baradaky maglumatlary gizlin saklamak hem-de gözegçilik astyna alynmazdan, internete girmek hem-de onuň nawigasiýalaryndan peýdalanmak hukugyna eýe diýip hasaplaýar.

Websaýtlarymyzdan peýdalanyjylara mümkin boldugyça iň gowy internet habar hyzmatyny hödürlemek ugrundaky çärelerimizde, biz websaýtlarymyza girýänler barada özümizde iki dürli maglumatyň bolmagyny göz öňünde tutýarys. Ol maglumatlar: RFE/RL-iň neşir önümlerine e-mail arkaly abuna ýazylmak isleýän okyjylarymyz üçin biziň öz berýän e-mail adresimiz we saýtdan näçe adamyň peýdalanandygyny anyklamak üçin toplaýan umumy statistiki maglumatymyz.

E-mail adresler
RFE/RL-iň elektron poçta arkaly ýaýradýan habarlaryna abuna ýazylýanlar şol habarlary almak üçin öz e-mail adreslerini meýletinlik bilen bize berýärler. Şeýle maksat üçin berlen e-mail adresleri RFE/RL hiç haçan üçünji bir tarap üçin elýeterli etmez. Abunaçylaryň sanawy-da habarlary ýaýratmak maksadyndan başga maksatlar üçin hiç haçan RFE/RL-iň öz içinde birek-birege berilmez. Habar neşirlerine abuna ýazylanlar neşirlerde görkezilen we websaýtda ýerleşdirilen gollanmalara eýermek arkaly, islendik wagt islendik habar neşiriniň abunasyny togtadyp bilerler. Abunany togtatmakda kynçylyk ýüze çykan halatynda, olar habar neşiriniň her birinde görkezilen e-mail adresi arkaly biziň işgärimiz bilen ýa-da web@rferl.org adresi arkaly Internet Departamentimiz bilen habarlaşyp bilerler.

Statistiki görkezijiler
Köpsanly beýleki websaýtlaryň neşirçilerine meňzeşlikde, RFE/RL hem özüniň websaýtyna girýänleriň sany barada umumy maglumat toplaýar. Bu maglumat toplamagyň maksady näçe adamyň haýsy ýurtdan biziň websaýtymyza girendigini we haýsy sahypalary görendigini sanamakdan ybarat. Bu maglumat toplaýyş prosesi siziň anyk kimdigiňizi anyklamaga mümkinçilik bermeýär. Bu diňe näçe sany kompýuteriň web-serwere girýändigini anyklamaga mümkinçilik berýär. Şu görkezijilerden hasabat düzmek üçin ulanýan software programmamyz “cookie” diýlip atlandyrylýan adaty brauzeriň funksiýasyna esaslanýar we ol saýtymyzy okaýan okyjylaryň haýsy sahypalara girendiklerini anyklamaga mümkinçilik berýär. Bu “cookie”-ler her bir täze okyjynyň girmegi bilen dörän seansyň netijesinde tertipsiz ýagdaýda bellige alynýar we okyjynyň saýty terk etmegi bilenem, olaryň möhleti geçýär we sistemadan pozulýar. Şu görkezijiler esasynda emele gelýän hasabatlar saýtyň işini gowulandyrmak hem-de saýtymyzdan peýdalanyjylaryň habarlaryň görnüşlerine bildirýän isleglerini göz öňünde tutmak maksady bilen RFE/RL-niň öz içinde ulanylýar.

Öz soraglaryňyzy we kommentariýalaryňyzy şu adrese gönderip bilersiňiz: web@rferl.org

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil