Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrant türkmenleriň okuw şertleri


Etniki türkmenler.
Etniki türkmenler.

Häzirki döwürde eklenç we gün güzeran üçin Arap ýurtlary, Eýran, Türkiýe ýaly dürli ýerlere gidip işläp ýören dünýä türkmenleriniň sany müňlerçe.

Eýsem, dürli ýurtarda işleýän dünýä türkmenleriniň ýaş nesli üçin okuw hem bilim mümkinçilikleri we şertleri nähili? Daşary ýurtlarda eklenç üçin işleýän türkmenlere şol bir wagtyň özünde çagalaryny okatmak başartýarmyka we bu ugurda nähili kynçylyklar başdan geçirilýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda daşary ýurtlarda işleýän türkmenleriň ýaş nesliniň okuw mümkinçilikleri we şertleri barada söz açyp, Eýran we Arap ýurtlarynda bosgun hökmünde ýaşaýan hem işleýän dünýä türkmenleriniň bilim ýagdaýyna ser salmagy göz öňünde tutýar.

Bu temada gepleşige öz bilýän maglumatlary, tejribeleri, pikirdir-garaýyşlary bilen goşant goşmak we şol sanda hem gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org elektronik hat salgysyndan biziň bilen aragatnaşyga geçip biler.

XS
SM
MD
LG