Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Putiniň doglan güni bellenýär


Çeçenistanyň Içeri işler ministrligi 100 müň çemesi adamyň «Orsýet we Çeçenistan» diýen sözlere gygyrjagyny aýdýar.
Çeçenistanyň Içeri işler ministrligi 100 müň çemesi adamyň «Orsýet we Çeçenistan» diýen sözlere gygyrjagyny aýdýar.

7-nji oktýabrda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 62 ýaşaýar, onuň özüniň bu güni Sibiriň iň bir gyrak-çetindäki tokaýda geçirjekdigi aýdylýar.

Jikme-jiklikler belli däl, emma Kreml munuň Putiniň 15 ýyl içindäki ilkinji dynç alşy boljagyny we onuň iň ýakyn ilatly nokatdan hem ýüzlerçe km uzaklykda dynç aljagyny aýdýar.

Şu aralykda ýurt boýunça Putiniň doglan gününi dabaralandyrmak üçin bir topar çäre planlaşdyryldy:

Putiniň 12 edermenligi

Moskwada, Kremliň garşysyndaky Gyzyl oktýabr meýdançasynda «Putiniň 12 edermenligi» atlandyrylan sergi guralýar.

Gadymy grek rowatyndaky «Herkulesiň 12 edermenliginiň» nusgasyndaky sergi özüni «Wladimir Putiniň goldaw guramasy» diýip atlandyran topar tarapyndan guralypdyr. Onda Kreml liderini garşydaşlary bilen darkaş gurýan şekilde suratlandyrýan birnäçe kartina ýerleşdirilipdir.

Olaryň birinde Putin eli gylyç-galkanly köp kelleli ajdarha bilen darkaş gurýar. Onuň aýagynyň astynda ABŞ-nyň kesilen kellesi ýatyr. Putin agzyndan sanksiýa ýalnyny sowurýan Ýaponiýa garşy dyzaýar.

Başga bir kartinada, Orsýetiň Krymy anneksiýa edişiniň simwoly hökmünde, Putin Kretan öküzini mugyra getirýär.

Rus bloggeri Georgiý Malets Putiniň rus oligarhlaryny «likwidasiýa» edişini suratlandyrýan kartinanyň diwardaky çüýünden gaçyp durmagynyň «simwoliki» manysy bar diýip ýazdy.

Watançylyk lybaslary

Sankt Peterburgda Putina bagyşlanyp, «Rodina» ady bilen täze geýim-eşik sergisi açyldy.

Döwlet simwollary we prezidentiň şekilleri ulanylyp tikilen eşikler kolleksiýasy dizaýnçy Alekseý Sergiýenko tarapyndan döredildi we Orsýetiň ikinji uly şäherinde Putiniň doglan gününde jemgyýetçilige hödürlenen üçünji egin-eşik sergisidir.

"Biz bu güni öz kolleksiýamyzy hödürlemek üçin tötänden saýlap almadyk, biziň dizaýnçylar toparymyz prezidentiň şekillerini ulanmak bilen, Wladimir Wladimirowiçe Doglan günüň gutly bolsun diýmek isledi» diýip, Sergiýenko aýtdy.

Şu aralykda Moskwanyň Gyzyl meýdançasyndaky GUM söwda merkezinde rus prezidentiniň gahrymaçylykly şekilleri ýabşyrylan gyş eşikleri satylmaga başlandy.

Sungat köçesi

Orsýetiň ýedi şäherinde, Kaliningradda, Sankt-Peterburgda, Sewastopolda, Moskwada, Nowosibirskde, Irkutskde we Wladiwastokda Putine bagyşlanyp diwarlara çekilen surtlar peýda boldy.

Her diwar suratynyň aşagynda bir sözden ybarat ýazgy bar, olar – güýç, hakyda, Arktika, özygtyýarlylyk, taryh, howpsuzlyk, Olimpiada we spasibo-sag bol sözlerinden ybarat.

Diwar suratlary putinçi ýaşlar topary tarapyndan çekilipdir.

"Biz – 20 ýaşlaryndaky nesil üçin bu sözler örän köp zady aňladýar. Bu sözler bolmasa, häzirki zaman Orsýetiniň dünýä taryhyndaky öz kanuny ornuna gaýdyp gelmegini göz öňüne getirmek mümkin däl» diýip, bu toparyň websaýtyndaky beýanatda aýdylýar.

Emma hemmeler beýle pikirde hem däl. Mysal üçin, käbir rus neşirleriniň internetde SOS sözüni üýtgedip, «sosi» ýagny rusça «sor» diýip ýazandygy hem göze ildi.

«Hitýuşki» çagalar saz topary bolsa, prezident Putiniň doglan gününe aýratyn sowgat taýýarlady, ýagny olaryň rus prezidentiniň doglan gününi gutlap aýdan aýdymy YouTubede ýerleşdirildi.

Çeçenistanyň paýtagty Groznyda bolsa müňlerçe adam Putiniň hormatyna ýöriş geçirmegi planlaşdyrýar diýip, RIA Nowosti habar berdi.

Çeçenistanyň Içeri işler ministrligi 100 müň çemesi adamyň Ahmat Kadyrow köçesine çykyp, «Orsýet we Çeçenistan» diýen sözlere gygyrjagyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG