Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Kreml babatda deňagaramlylyk gözleýär


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg (S) rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gürleşýär.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg (S) rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gürleşýär.

NATO Moskwanyň agressiw aktiwlikleriniň salýan potensial howplaryny aradan aýyrmak üçin ynamdar öňüni alyş bilen «sagdyn gatnaşygy» garyşdyrmaly diýip, ýaranlygyň uly resmileri we agza döwletler 13-nji fewralda aýtdy.

Bu netijä NATO-nyň Mýunhende geçirilen ýyllyk Howpsuzlyk konferensiýasynyň panel maslahatynda NATO döwletleriniň, hususan-da Orsýetiň Ukraina gatyşmagy bilen baglylykda Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň howpsuzlygyny kepillendirmegiň ýollary barada pikir alşylanda gelindi.

Bu dartgynly gün boldy, Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedow NATO-ny Moskwa bilen täze Sowuk urşy öjükdirmekde günäledi.

Ýaranlygyň başlygy Jens Stoltenberg bolsa "Orsýet Ýewropany durnuksyzlaşdyrýar" diýdi.

NATO soňky iki ýylda özüniň rus serhetlerine golaý kuwwatyny güýçlendirdi we Stoltenberg bu ugurda ýene goşmaça çäreleriň görülmegine garaşýandygyny, bu meselä iýulda Warşawa sammitinde serediljekdigini aýtdy.

Ol has kän goranyş çärelerine we Orsýet bilen has kän dialoga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG