Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Şarapowanyň dermany' doping 'däl'


Maria Şarapowa.
Maria Şarapowa.

Latwiýaly alym özi tarapyndan özleşdirilen mildronat ýa-da meldoniýum diýlip bilinýän derman serişdesini ulanmaklygyň "doping" diýlip atlandyrylmaly däldigini aýdýar. Şu hepde tennis ýyldyzy Maria Şarapowa, Bütindünýä Anti-Doping agentliginiň (WADA) bu derman serişdesini “doping” diýip hasaba alandygyna garamazdan, ulanandygyny boýun aldy. Şondan soň bu derman serişdesiniň ady halkar metbugatynda peýda boldy.

Iwars Kalwins türgenleriň bu serişdäniň, ýagny ýürekdäki gan aýlanşygy tizleşdirýän dermanyň ulanmagyny goldap çykyş etdi. Ol bu dermanyň kuwwaty artdyrman, eýsem türgenler öz bedenine çenden aşa basyş eden mahaly, ýüregiň çalt urmak howpuny we beýleki kordiologiki problemalary azaldýandygyny aýtdy.

Mildronat ýa-da meldoniýum diýlip bilinýän derman serişdesi.

“Sözüň doly manysynda aýdylanda Mildronat doping däldir” diýip, 9-njy martda Kalwins Azatlyk radiosynyň Rus gullugyna habar berdi. Kalwins muny, Şarapowa dermany maşgala lukmanynyň beren maslahaty esasynda ulanandygyny we bularyň “nädogry EKG netijeleri” we “süýjülik keseliniň alamatlary” bolup biljekdigini aýdanyndan iki gün soň aýtdy. Taryhda iň köp pul gazanýan zenan tennisçisi bolan 28 ýaşly rus zenany Şarapowa sport bilen meşgullanmakdan mahrum edilmek ähtimallygy we million dollarlyk sponsorlaryny ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.​

WADA 2015-njy ýyl boýunça eden gözlegleri we barlaglaryna esaslanyp, 7-nji martda ýörite raport ýaýratdy. Raportda bu derman serişdesiniň “türgenler tarapyndan kuwwatyny artdyrmak maksady bilen ulanylandygyna subutnama” bardygy aýdylýar. Ýöne bu aýdylanlar Kalwinsiň garaýşyna gabat gelmeýär.

Ozalky Sowet Soýuzynda bu derman ýürek keselleriniň bejergisinde ulanylýar we ol giňden ýaýran derman serişdesidir. Şeýle-de, bu dermanyň esgerler we ýokary derejeli türgenler tarapyndan hem ulanylýandygy aýdylýar.

Latwiýaly derman öndüriji hem-de "Grindeks" kompaniýasynyň eýesi we müdiri Kirows Lipmans 2011-nji ýylda eden çykyşynda meldoniýumyň türgenler arasynda gaty meşhurdygyny hem-de rus we latwiýaly hokkeý oýunçylary tarapyndan giňden ulanylýandygyny gürrüň beripdi.

Karwins 1984-nji ýylda hasaba alnan bu dermanyň, ozalky Sowet Soýuzynda ýürek-damar bejergisi üçin ulanylýan “iň esasy” dermanlardan biridigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG