Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran DIM-niň başlygy Aşgabatda Berdimuhamedowlar bilen duşuşdy


 Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan
Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan

Prezident Serdar Berdimuhamedow 28-nji martda Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi diýip, TDH habar berdi, emma Eýranyň prezidentiniň Aşgabada etjek sapary barada hiç zat aýtmady.

Berdimuhamedow Eýranyň Türkmenistanyň iň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini aýdyp, bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň ähmiýetini belledi.

Habarda aýdylmagyna görä, türkmen-eýran toparynyň alyp barýan işleri Türkmenistanda elektroenergetika, ulag ulgamynyň taslamalaryny amala aşyrmak boýunça anyk çäreleriň görülmegine ýol açýar.

Şeýle-de, duşuşykda ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemegiň, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi, üstaşyr geçirilmegi üçin edilýän tagallalary işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellendi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

TDH eýranly resminiň öňki prezident, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşandygyny habar berýär.

“Biznes Türkmenistan” neşiriniň Eýranyň daşary işler ministrligine salgylanyp ýazmagyna görä, Hosein Amir Abdollahiýan wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşanda Eýranyň Hazarýaka döwletleriniň üçünji ykdysady maslahatyny premýer-ministrler derejesinde geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýle-de, Hazar deňzini kenarýaka ýurtlarynyň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygyň sebiti diýip atlandyryp, Hosein Amir Abdollahiýan Eýranyň prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň ýakyn wagtda Aşgabat şäherine boljak saparyna taýýarlyk görülýändigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG