Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrow 16 ýaşly ogluny ýörite güýçler mekdebiniň gözegçisi hökmünde belledi


Adam Kadyrow
Adam Kadyrow

Çeçenistanyň Moskwa tarapyndan bellenen awtoritar dolandyryjysy Ramzan Kadyrow özüniň 16 ýaşly ogluny Gudermes şäherinde ýerleşýän, Çeçenistanyň ýörite güýçleriniň türgenleşik merkeziniň gözegçisi hökmünde belländigini mälim etdi.

Adam Kadyrow geçen ýylyň awgustynda, tussaglykdaky bir rus ýetginjegini ýençýän wideosy ýaýrandan soň, ýakasyny tanatdy. Urlan oglan Gurhany otlandygy üçin tussag edilipdi.

Bu wakadan soň, Adam Kadyrowa ençeme baýrak gowşuryldy.

Rus prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýarany Ramzan Kadyrowyň agyr ýarawsyzydygy barada gep-gürrüňler bar.

XS
SM
MD
LG