Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň ýene üç elektrik stansiýasyna zarba urdy


Çerkasi sebitine urlan raketa zarbasyndan soňky ýagdaý
Çerkasi sebitine urlan raketa zarbasyndan soňky ýagdaý

Moskwa güýçleri Ukrainanyň energiýa pudagyna hüjüm edip, täze zarbalary urdular.

Russiýanyň 29-njy martda atan raketalary we uçuran pilotsyz uçarlary Ukrainanyň iň uly hususy elektrik firmasynyň, DTEK-niň üç sany ýylylyk elektrik stansiýasyna gönükdirildi, desgalara zyýan ýetirdi.

"Enjamlara uly zyýan ýetdi” diýip, kompaniýa aýtdy.

“Hüjüm sowlanyndan soň, elektrik inženerleri derrew işe girişip, ýetirilen zyýany düzedip başladylar" diýip, kompaniýa telegram habarlaşma programmasynda aýtdy.

Ukrain elektrik ulgamynyň operatory Ukrenerho 29-njy mart güni irden rus güýçleriniň öten agşam “energiýa desgalaryna ýene uly we birleşdirilen hüjüm bilen zarba urandygyny”, “merkezi we günbatr sebitlerdäki ýyladyş we suw elektrik stansiýalaryna zyýan ýetirendigini” habar berdi.

Iň ulusy 22-nji martda urlan uly raketa we pilotsyz uçar zarbalary Ukrainanyň energiýa pudagyna eýýäm uly zyýan ýetmegine sebäp bolup, Kiýewi elektrik eksportyny togtatmaga we importa bil baglamaga mejbur etdi.

XS
SM
MD
LG