65 ýaşly Täjigül Begmedowa 20 ýyl bäri türkmen aktiwistleriniň we migrantlarynyň hak-hukuklary ugrunda göreşýär. Ol Bolgariýada ýaşaýar we “Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fonduna” ýolbaşçylyk edýär. Hökümete degişli bolmadyk bu gurama Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagy ýagdaýlaryny yzarlaýar we watandaşlaryna hukuk hemaýatyny berýär. Türkmen migrantlarynyň uly bölegi Türkiýede ýaşaýar. Emma hukuk goraýja bu ýurtda türkmen migrantlarynyň hak-hukuklaryny goramaga mümkinçilik berilmeýär. Geçen ýylyň noýabrynda Türkiýe Begmedowany deportasiýa etdi we bäş ýyl möhlet bilen ýurda girmegine gadagançylyk girizdi.
Wideo - "Migrant Media"
Forum