Geljek programmalar


Walýuta

USD / 
EUR
1,3467
EUR / 
RUB
0,0246
RUB / 
USD
30,174

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

azathabar.com ÜÇIN TEHNIKI KÖMEK

Siziň sahypaňyzda radiony nädip diňläp bilerin?

Mediýa çalyjylaryň aglaba köpüsi işleýär we kompýuteriňiziň konfigurasiýasyna bagly bolmak bilen, biziň MP3 faýllarymyzy dogry gurnalan ýagdaýynda çalyjylaryň aglaba köpüsi arkaly diňläp bilersiňiz.

Ege kompýuteriňizde Windows Operasiýa sistemasyny ulanýan bolsaňyz, Windows Player çalyjysy awtomatiki usulda gurnalan bolmagy mümkin. Windows Media Player çalyjysynyň 9-njy we soňkraky görnüşlerini ulanmagy maslahat berýäris.

Eger siz Real Player çalyjysyny ulanýan bolsaňyz, 10-njy we soňraky görnüşlerini ulanmagy maslahat berýäris.

Eger diňlemek üçin size çalyjy gerek bolan ýagdaýynda, Real Player ýa –da Windows Media Player’ini kompýuteriňize alyp bilersiňiz. Çalyjylary kompýuteriňize almak üçin şol sahypalardaky düzgünleri ýerine ýetiriň.

Saýlan çelgimdäki (link) audio işlemedik ýagdaýynda näme edip bilerin?

Eger audio çalyjyňyz döwrebap we ýeterlik diýapazon geçiriji baglanyşygy bar bolsa, onda siz firewall parametrleriňizi mediýanyň akyşyny ýola goýmak üçin üýtgedip bilersiňiz. Gynansakda şular ýali meseleri her yagdaýyň diňe öz şertlerine görä çözmek mümkin. Eger iş ýeriňizde bolsaňyz ýa-da internet kafeden diňlemek isleseňiz kömek üçin tehniki adminstratora ýüz tutup bilersiňiz.

Browzerleriň haýsysy goldanylýar?

RFE/RL.org browzerleriň aglaba köpüsini goldaýar, emma sahypamyz Internet Explorer 7.x we Mozilla Firefox 1.x ya-da 2.x üçin optimizirlenen.

RFE/RL’i nädip baş sahypam edip bilerin?

Windows üçin Internet Explorer 6 we soňraky görnüşlerini ulanýanlar üçin:
- "Tools" menýusyny aç we "Internet Options"y saýla
- “General” düwmesinde önden bellenen bolmaly
- Ýokarky bölekde “Home Page” bölümi görünmeli.
- “Address” diýen halatynda www.azathabar.com salgysyny ýaz
- Penjiräniň aşak tarapyndaky "Ok" düwmesine bas.

Windows üçin Firefox 2.x ulanýanlar üçin:
- "Tools" menýusyny aç we "Options..."y saýla
- "Main" düwmesini sayla.
- "Home Page" ýazgyly guta, www.azatradio.org salgysyny yaz
- Penjiräniň aşak tarapyndaky "Ok" düwmesine bas.

MacOS X üçin Firefox 2.x ulanýanlar üçin:
- "Tools" menýusyny aç we "Options..."y saýla
- "Main" düwmesini saýla.
- "Home Page" ýazgyly guta, www.azatradio.org salgysyny ýaz
- Penjiräniň aşak tarapyndaky "Ok" düwmesine bas.


Eger problema çözülmedik ýagdaýynda bizden kömek soramak üçin email ýazyň.

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS