Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ilat derman almak üçin öý goşlaryny, ulaglaryny satmaga mejbur bolýar


Aşgabadyň dermanhanalarynyň birinde nobata duran ýaşaýjylar (Arhiw suraty)
Aşgabadyň dermanhanalarynyň birinde nobata duran ýaşaýjylar (Arhiw suraty)

Aşgabatda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň giňden ýaýramagy dowam edýär. Dümew alamatlary bilen geçýän keselçilik esasan hem çagalarda agyr geçýär. Köp hojalyk zerur bolan dermanlary satyn almak üçin öý goşlaryny we awtoulaglaryny satmaga mejbur bolýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 31-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.

“Näsaglar beden temperaturasynyň aşa ýokarlanmagyndan, damak-bokurdak agyrylaryndan, demgysmadan, üsgülewükden ejir çekýärler. Bu keselçilik esasan hem täze dünýä inen bäbeklerde we kiçi ýaşly çagalarda agyr geçýär. Olaryň gyzgyny aşa ýokarlanyp, gaýtaryp, içi geçip, halys haldan düşýärler we kesel bilen göreşmekden ejizleýärler. Çaganyň aradan çykmagy bilen bagly ýagdaýlar köp göze ilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly saglyk işgäri belledi.

Keselçilik uly ýaşly adamlarda hem agyr geçýär. Käbir adamlar güýçli antibiotik sanjymlaryny alanyndan soňra-da, olaryň üsgülewügi aýrylmaýar.

“Bu raýatlara üsgülewügi aýyrmak üçin ýörite sanjymlar edilýär” diýip, saglyk işgäri belledi.

Geçen ýylyň güýzünden bäri ýurtda giňden ýaýraýan we resmi taýdan düşündiriş berilmeýän bu keselçilik ilatyň maşgala býujetine hem barha köp agram salýar.

Muňa esasan dermanlaryň aşa gymmat bolmagy we Türkmenistanyň saglyk ätiýaçlandyryşynyň keselçiligiň bejergisi üçin zerur bolan dermanlary öz içine almaýandygy sebäp bolýar.

“Ilat her aýda saglyk ätiýaçlandyryşy üçin pul töleýän bolsa-da, ähli dermanlary doly bahasyndan satyn almaly bolýar. Mysal üçin, dermanhanalarda antibiotikler 400-500 manat bahalanýar. Lukmanyň sanawynda hökmany satyn almaly diýlip görkezilen beýleki dermanlaryň we serişdeleriň bahasy 3000-4000 manatdan hem geçýär. Käbir maşgalalarda ähli agzalar keselleýär. Şeýle bolanda, çykdajy onlarça müň manada ýetip bilýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Ol ýurtda ortaça zähmet hakynyň 2500 manat töweregindedigine ünsi çekip, käbir hojalyklaryň bu saglyk çykdajylaryny ödemek üçin öý goşlaryny, awtoulaglaryny satmaga mejbur bolýandygyny hem belledi.

Habarçymyz şu günler paýtagtyň dermanhanalarynda adamlaryň uzyn nobatlaryny hem synlasa bolýandygyny habar berýär. Käbir raýatlar derman satyn almak üçin azyndan bir sagat garaşmaly bolýarlar.

“Häzirki wagtda dermanhanalara barýan adamlaryň sanynyň juda köplügi zerarly bu ýerlerde uzak wagtlap görmedik tanyş-bilişleriňe hem duş gelse bolýar. Sebäbi bu ýerde hassalaryň hossarlary yzygiderli nobata durýar” diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada paýtagtyň saglygy goraýyş bölüminden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda ilatyň, hususan-da, çagalaryň arasynda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň ýaýraýandygy barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary soňky dört aýa golaý wagtyň dowamynda ençeme gezek maglumat berdiler.

Soňky üç hepdäniň dowamynda habarçylarymyz hassahanalara ýüküň artýandygy, olaryň näsaglardan dolandygy, Marynyň gonamçylyklarynda çagalaryň täze mazarlarynyň sanynyň artýandygy barada azyndan üç gezek habar berdiler.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy, adatça bolşy ýaly, bu ýagdaýlar barada dymyşlygyny saklaýarlar. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi websaýtynda hem haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG