Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dowardarlar ot-iým ýetmezçiliginiň arasynda goýun-geçilerini gyşdan çykarmagyň aladasyny edýärler


Döwlet eýeçiligindäki maldarçylyk hojalyklary döwlet ýardamlarynyň berilmeýändigini aýdýarlar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Döwlet eýeçiligindäki maldarçylyk hojalyklary döwlet ýardamlarynyň berilmeýändigini aýdýarlar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda döwlet eýeçiligindäki maldarçylyk hojalyklary ot-iým ýetmezçiliginden şikaýat edýärler. Gyş paslynyň sowuk howasy maldarlaryň şertlerini kynlaşdyrýar.

“Mallary gyşdan sag-aman çykarmak üçin, maldarçylyk hojalygymyza 50 tonna töweregi ýorunja we mekgejöwen silosy, 10 tonna çemesi künjara gerek” diýip, döwlet maldarçylyk hojalygynyň baş çopany Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

“Biziň maliýe mümkinçiliklerimiz zerur bolan ot-iýmiň 10 göteriminiň hem hötdesinden gelip bilmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Baş çopan ot-iým üpjünçiligine çözgüt gözläp, ýaňy-ýakynda etrap häkimligine barypdyr. Ýöne ýerli resmiler döwlet maldarçylyk hojalyklaryna zerur bolan ot-iýmleriniň olaryň öz maliýe serişdeleriniň hasabyna hususy taraplardan satyn alynmagyny maslahat berýärler.

“Özüňe degişli goýun-geçileriňi satyp, hususy taraplardan ot-iým satyn alaý! Häkimligiň gaznasynda ýekeje teňňe-de pul ýok” diýip, ýerli çopan häkimlik resmisi bilen duşuşykda özüne aýdylan sözleri sitirleýär.

Şol bir wagtda, häkimiýetler döwlet maldarçylyk hojalyklaryndaky mallaryň haram öldürilmezligini, olara oňat seredilmegini talap edýärler.

“Ýekeje baş mal haram ölse, gaty görme, gözenekden çykararyn” diýip, baş çopan özüne atylan haýbatlary sitirleýär.

Soňky ýyllarda maldarçylyk hojalyklaryna berilýän döwlet ýardamlary, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, ep-esli egsildi.

“Döwlet maldarçylyk hojalyklaryny künjara, bugdaý kepegi, mekgejöwen siloslary bilen üpjün etmeýär, etrap häkimligi soňky iki ýylda ýerli maldarlardan et soramagy hem bes etdi” diýip, mart aýynda Lebap welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli maldar gürrüň berdi.

Gyzylarbat etrabynyň takmynan 100 kilometr demirgazyk-gündogarynda “Çerkezli” düzlügi bilen “Koýmat” gumlarynyň arasynda mal bakýan çopanlar soňky birnäçe ýyl bäri dowam edýän gurakçylygyň hem çarwadarlara zarba urandygyny aýdýarlar.

Etrap häkimligine baryp, goýun-geçileriniň gyş şertlerini ara alyp maslahatlaşan ýerli çopan öz hojalygynda 2 müň töweregi goýun-geçisiniň bardygyny aýdýar. Bulardan başga-da, düýedarçylyk hojalygyna degişli 400 töweregi düýe hem baş çopanyň hojalygyna berkidilipdir.

Maldarlaryň aýtmaklaryna görä, döwlet şärikligindäki maldarçylyk hojalyklaryna kanun esasynda her bir iri şahly mal üçin 0,5 gektar ýer bölünip berilmeli.

Üstesine, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda geçen ýylyň hasyl möwsüminde suw ýetmezçiligi sebäpli silos önümçiligine niýetlenilip mekgejöwen ösdürilip ýetişdirilmändir.

Silos konserwirlenen ot-iýmleri bolup, mekgejöwen, bugdaý samany ýaly ösümlikleriň silos desgalarynda basyrylmagy bilen ýasalýar.

Ot-iým ýetmezçiligi bilen bir hatarda, gyş paslynyň sowuk howasy hem maldarçylyk hojalyklarynyň şertlerini kynlaşdyrýar.

Çopanlar gyş paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň temperaturasynyň maldarçylyk hojalyklarynyň ýerleşýän ýerlerinde -5...-10 gradusa çenli pese gaçýandygyny aýdýarlar.

Sebitiň öri meýdanlarynyň önümliligi hem gurakçylyk sebäpli ýyl-ýyldan pese gaçýar. Ot örtügi yzygiderli ýaramazlaşýar.

Türkmen metbugatyna görä, soňky ýyllarda ýurtda hususy maldarçylyk hojalyklarynyň sany artýar. Muňa garamazdan, ýurduň bazarlarynda et önümleriniň bahalary adaty hojalyklaryň bazar sebedine gabat gelmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG