Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etrek, Sumbar derýalarynyň joşmagyna, Köpetdag sebitinde güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar


Sumbar dervasy
Sumbar dervasy

10-12-nji aprelde Eýranyň demirgazygynda, günbatarynda we demirgazyk-günbatarynda güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar diýip, “Meteožurnal” habar berýär. Käbir sebitlerde ýagyş-ýagmyryň 30-45 mm bolmagyna garaşylýar; ýerli derejede ýagyş 50-60 mm derejesine çenli ýagyp biler.

Ýagyş-ýagmyryň has güýçli gelmegine garaşylýan ýerleriň arasynda Golestan, Horasan Razawi we Türkmenistan bilen serhetleşýän Demirgazyk Horasan welaýatlary bar.

Iň güýçli ýagyş-ýagmyryň Golestan welaýatynda bolmagyna garaşylýar. Bu sebitde ýagyş 50-55 mm derejesine çenli ýagyp biler.

12-13-nji aprelde Owganystanyň uly böleginde güýçli ýagyş ýagar. Mosturduň gündogarynda 50-60 mm derejesine çenli ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Beýleki sebitlerde esasan 20-35 mm derejesinde ýagyş ýagar.

Murgap derýasynyň basseýninde ortaça 20-30 mm derejesinde ýagyş ýagmagyna garaşylýar we ýerli derejede ýagyş 30-45 mm bolup biler.

Gerirud (Tejen) derýasynyň basseýninde ortaça 15-30 mm çenli ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Ýerli derejede ýagyş 30-45 mm derejesine çenli ýagyp biler.

11-12-nji aprelde Türkmenistanyň Köpetdag daglyklarynda we dag eteklerinde, günorta-günbatarynda we 12-13-nji aprelde ýurduň aşa günorta-gündogarynda ýagyş ýagmagyna, käte güýçli ýagyşlara garaşylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Köpetdagyň daglyk we dag etek sebitlerinde, Etrek derýasynyň aşaky akymynda, Eýranyň we Owganystanyň goňşulykda ýerleşýän sebitlerinde suw joşmalary bolup, sil, läbik akymlary döräp biler diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistan adatça ilatyna howply tebigy hadysalar barada öňünden habar bermegi, silden we suw joşmalaryndan çekilen zyýany aýtmagy zerur hasaplamaýar, pida bolanlaryň sanyny gizlin saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG