Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazaryň suwunyň çekilmegi rekord derejede dowam edýär


Geçen ýyl Hazar deňziniň suwy kenardan 50 metr yza çekildi diýip, Azatlygyň habarçylary aýdýarlar.
Geçen ýyl Hazar deňziniň suwy kenardan 50 metr yza çekildi diýip, Azatlygyň habarçylary aýdýarlar.

Hazar deňziniň derejesi 2023-nji ýyldan bäri rekord derejede peselmegini dowam etdirýär. Bu barada "Meteožurnal" neşiri Hazar deňziniň gidrometeorologiýa boýunça utgaşdyryjy komitetiniň (CASPCOM) maglumatlaryna salgylanyp habar berdi. Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Hazar deňziniň derejesiniň çalt peselýändigi barada habar berýärler.

Hazarýaka döwletleriniň hökümetleri tarapyndan döredilen Hazar deňziniň gidrometeorologiýa boýunça utgaşdyryjy komitetiniň maglumatyna görä, deňziň derejesiniň peselmegine soňky birnäçe ýylyň dowamynda syn edilýär.

Şeýlelikde, 2022-nji ýylyň dowamynda, deňziň derejesiniň 27 santimetr, 2021-nji ýylda hem 20 santimetr azalandygy aýdylýar. Bu ýagdaý 2023-nji ýylda hem dowam etdi diýip, hökümetara gurama ýazýar.

Olaryň maglumatyna görä, 2023-nji ýylyň iýunynda, peselmek möwsümiň iň ýokary derejesine ýetip, deňiz derejesi -28,82 metre düşüpdir, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bellenenden 26 santimetr aşakda ýerleşýär.

Hazar deňziniň türkmen kenarynyň satellit suratlary deňziň çalt ýalpaklaşýndygyny görkezýär.
Hazar deňziniň türkmen kenarynyň satellit suratlary deňziň çalt ýalpaklaşýndygyny görkezýär.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen türkmen tebigaty goraýjysy hem onuň synlaryna görä, soňky iki ýylyň dowamynda, Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň 40 santimetre çenli peselendigini aýdýar. Bu bolsa diňe Hazar sebiti üçin däl, eýsem onuň çäklerinden uzakda-da agyr netijelere getirip biler diýip, türkmen tebigaty goraýjysy aýdýar.

Daşky gurşawy goraýjynyň aýtmagyna görä, suwuň aktiw bugarmagy hem-de nebit guýularynyň köpelmegi deňziň peselmegine sebäp bolýar. Ýöne ol "heläkçilikli ýalpaklaşmagyň" esasy sebäbini Wolga derýasynyň möçberiniň azalmagyndan görýär.

«Wolga derýasynyň Hazar deňzine goşulýan ýerinde, suwuň akymy peseldi. Bu ýagdaý Orsýetde Wolganyň üstünde gidroelektrik beketleriniň gurulmagy, kenarýaka sebitlerde, hususan-da, Wolgograd we Astrahan sebitlerinde, ekerançylyk işleriniň artmagy sebäpli ýüze çykandyr diýip hasap edilýär. Şol sebitlerde suwy köp talap edýän şaly ýetişdirip başlandy» diýip, türkmen ekology aýdýar.

Deňiz derejesiniň peselmeginiň esasy sebäbiniň Wolga derýasynyň pes akymy bolup durýandygyny CASPCOM hem habar berdi, muňa indi yzygiderli üç ýyl bäri syn edilýär. Wolga Hazar deňzine akyp barýan ähli derýa suwunyň 85%-e golaýyny öz içine alýar.

"Meteožurnal" neşiri Hazar deňziniň türkmen kenaryna degişli satellit suratlary ýerleşdirip, kenar ýakasynyň çalt yza çekilendigini aýdyň görkezýär.

Geçen ýylyň tomsunda, biziň habarçylarymyz Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, şol ýyl suwuň 50 metre çenli çekilendigini habar beripdiler.

Şu ýylyň başynda "Caspian Policy Center" merkezi "Merkezi Aziýany halas etmek giç dälmi? Krizis eýýäm bosagada» hasabaty ýaýratdy. Onda hünärmenler Türkmenistany arassa suw gorlary boýunça "ýokary ýetmezçilik" ýagdaýyndaky topara goşdular.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen we Hazar syýasaty merkeziniň Maslahatlar geňeşiniň (Caspian Policy Center) agzasy Brýus Pannier territoriýasynyň köp bölegi çöllükden ybarat bolan Türkmenistanyň şertlerinde, Hazar deňziniň ýalpaklamagy aýratyn duýarlykly netijelere getirer diýip hasap edýär.

«90%-i çöllük bolan Türkmenistanda, bu meseläniň has-da çuňlaşmagy üçin, köp işleri edildi. Şol sanda ýerleriň irrasional peýdalanylmagy, çölde köl döretmek ýaly sansyz proýektler döredildi. Hazar deňzi ýalpaklaşýar. Amyderýa gurap barýar, şonuň bilen bir wagtda, Garagum kanaly bilen bagly kynçylyklar sebäpli, Türkmenistanyň territoriýasynda suwuň sarp edilişi artýar. Şeýle-de bolsa, Türkmenistan kynçylyklary çözmek üçin, ýeterlik pul harçlamaýar; suw saklaýjy howdanlary gurmaýar, oba hojalyk ýerlerini dikeltmek üçin, zerur çäreleri görmeýär. Bu şertlerde howanyň ýaramazlaşmagy tebigydyr. Geljekki birnäçe onýyllyklaryň dowamynda, Türkmenistanyň ýaşaýyş üçin amatsyz ýere öwrülmegi gaty mümkin» diýip, bilermen aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG