Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly lukmanlar Arkadaga hassa ugradýar, Arkadagyň täze ýaşaýjylaryndan alynýan tutumlaryň yzy üzülmeýär


Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy

Türkmenistanyň keselhanalarynda hassalary Arkadag şäherine ugratmak boýunça çäreler bat alýar. Şeýdip, saglyk resmileri täze gurlan şäheriň keselhanasyny müşderi bilen üpjün etmäge synanyşýarlar. Bu aralykda Arkadag şäherinde jaý satyn alanlardan abatlaýyş işlerinden başlap, döwletiň adyndan berilýän sadakalara çenli dürli maksatlar üçin pul talap edilýär.

Mary welaýatyň lukmanlary her günde bir bir näsagy Arkadag şäherindäki hassahana ugratmaly. Azatlyk bilen gürleşen saglyk işgärleriniň sözlerine görä, hassalary Arkadag şäherine ugratmak medisina edarasynyň ýolbaşçylary tarapyndan dilden tabşyrylýar.

"Lukmanlar bu buýrukdan nägile. Sebäpleriň biri lukmanyň aýlygy oňa ýüz tutýan hassalaryň sanyna görä kesgitlenýär. Eýýäm birnäçe ýyl bäri hojalyk hasaplaşygyndaky hassahanalar gelýän näsaglaryň töleglerine görä lukmanlara, şepagat uýalaryna aýlyk berýär. Indi täze resmi däl düzgüne görä, gelýän hassalary Arkadaga ugratmak girdejiniň azalmagyny aňladýar" diýip, Marynyň hassahanalarynyň birinde işleýän lukman gürrüň berdi.

Welaýat ýaşaýjylaryny täze gurlan Arkadag säherine ýollamak tabşyrygy barada soňky günlerde mälim boldy. Balkan welaýatynyň hassahanalaryndan her hepde 10 adamy Arkadagdaky hassahanada ýatyp, bejergi almak üçin ugratmak tabşyryldy.

Edil şeýle buýrugy alan Aşgabatdaky medisina merkezleri bolsa, ýüz tutýan diňe bir ýollanma ýazyp bermän, hassalary dessine tiz kömek ulagyna mündürip, Arkadagdaky keselhana eitip gelýärler.

Şeýdip Arkadagyň keselhanasyna baran adamlaryň Azatlyga gürrüň bermegine görä, täze we enjamlaşdyrylan hassahanadaky şertler gowy, emma bahasy iňňän ýokary. Ýüregini barlatmak üçin baran zenan diňe anyklaýyş hyzmatlarynyň we lukmanlaryň ýazyp beren dermanlarynyň 23 müň manada ýetendigini gürrüň berdi. (Merkezi Bankyň kursy boýunça 6571 amerikan dollaryna barabar - red).

Näsaglary Arkadag şäherine ugratmak talaby diňe lukmanlaryň aladasyny artdyrman, eýsem nasaglara uly agram salýar. Bejerginiň töleglerinden daşary, ýol, ýaşamak üçin jaý we ýene ençeme dürli çykdajylar goşulýar.

Bu aralykda tutuş ýurduň hassahanalarynda işleýän lukmanlardan Arkadagdaky hassahanany öwmek we müşderileri şol ýere barmaga ündemek talaby güýçlenýär.

"Lukmanlar gelýän näsaglara Arkadag şäheriniň täze apparatlaryny öwüp, şol ýerde anyk analizler alynýandygyny we daşary ýurtlardan pes bejermeýändigini aýdyp, reklama etmeli bolyarlar" diýip, maryly saglyk işgäri aýdýar.

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynyň wekilleri bu ýagdaý barada resmi derejede teswir bermeýärkä, Azatlyk bilen anonim gürleşen saglyk resmileri häkimiýetler uly mukdarly pula gurlan we enjamlaşdyrylan hassahananyň çykdaýjylarynyň öwezini dolmak isleýändigini aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, welaýatlaryň hassahanalaryndan Arkadag şäheriniň hassahanasyna işlemek üçin giden lukmanlar hem bar. Şol şähere işe girmek üçin 5000$ mukdarda para bermeli bolýandygyny, ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň kakasynyň ady dakylan Arkadag şäheri 2023-nji ýylyň tomsunda ulanylyşa berildi. Aşgabadyň 25 kilometr töweregi günbatarynda ýerleşýän täze şäher 70 müň ilata niýetlenýär. Türkmen hökümeti agyr ykdysady krizisiň dowamynda gurlan we 5 milliard amerikan dollary möçberinde pul ýatyrlan bu şäherde gurlan jaýlary satyn almagy telekeçilerden hem talap edildi.

Azatlygyň habarçylary bu ýerde jaý satyn alanlaryň indi yzy üzülmeýän tutumlardan zeýrenýändigini aýdýarlar.

"Bu jaýlardan öý alan hojalyklaryň täze jaýa göçüp gelen wagtyndan bäri çykdajydan gözleri açylmady. Jaýyň girelgesini tämizlemek üçin ähli işleriň puly ýaşaýjylardan toplanýar, täze jaýyň çöken, jaýrylan ýa-da gopan ýerlerini abatlamak üçin ýaşaýjylardan pul toplanýar". Üstesine prezidentiň jan-saglygy üçin sadaka pullary, ýetim çagalar öýüne we maýyplara prezidentiň adyndan berilýän sadakalar üçin hem Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryndan pul toplanýar" diýip, Arkadagda jaý satyn alan aşgabatly gürrüň berdi.

Arkadagda jan satyn almak mejburlygy bilen bir wagtda, jaý edinen adamlar häkimiýetleriň talaplaryny berjaý etmeli boldy. Arkadaglylar Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan bolmaly we olar hökman üç arka barlagyndan geçmeli.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizli

Forum

XS
SM
MD
LG