Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň hassahanalarynda gelinler "ýerde çaga dogurmaga mejbur bolýar"


Marylylaryň ençemesi agzalýan lukmançylyk edaralarynda gelinleriň arasynda ýerde, matrasda çaga dogurmaly bolýanlarynyň bardygyny aýdýar. (Illýustrasiýa suraty)
Marylylaryň ençemesi agzalýan lukmançylyk edaralarynda gelinleriň arasynda ýerde, matrasda çaga dogurmaly bolýanlarynyň bardygyny aýdýar. (Illýustrasiýa suraty)

Şu günler Mary şäherindäki “Ene mähri” merkeziniň we Mary etrap hassahanasynyň göwreli gelinlerden doludygyny, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Olar munuň mundan bir ýyl ozal abatlaýyş işleri geçirilip başlanan iki hassahananyň heniz hem ýapyklygyna galýandygy bilen baglanyşyklydygyny belleýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Welaýat we şäher bäbekhanalarynyň indi bir ýyldan bäri ýapyk bolmagy ilat, hususan-da, göwreli gelinler üçin köp oňaýsyzlyk döredýär. Häzir sebitdäki göwreli gelinleriň ählisini “Ene mähri” merkezi we etrap hassahanasy kabul edýär. Ýöne bu lukmançylyk edaralary indi göwreli gelinleriň akymyna döz gelip bilmeýär. Hassahanalarda ýer ýok” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýakynda bu hassahanalarda bejergi alan marylylaryň ençemesi lukmançylyk edaralarynda göwreli aýallaryň çaga dogurmagy üçin palatalaryň ýetmeýändigi sebäpli, gelinleriň arasynda ýerde, matrasda çaga dogurmaly bolýanlarynyň bardygyny aýdýar.

“Enä mährinde çaga doguran gelinler iki günden artyk saklanman, öýlerine goýberilýär. Merkeziň koridorlary hem hassalardan doly. Barlag gelen wagty, koridordaky hassalary dogum bölüminden başga bölümlere geçirmeli bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly başga bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Iki hassahananyň intensiw bejeriş bölüminde hem ýer tapdyrmaýandygy aýdylýar. Näsaglaryň köpdügi sebäpli operasiýa bolan hassalaryň hem, bu bölümde bir günden artyk ýatyrylmaýandygy bellenilýär.

Ýaşaýjylar agzalýan saglyk edaralaryndaky bu ýagdaýyň mundan bir ýyl çemesi ozal welaýat we şäher bäbekhanalarynda abatlaýyş işleriniň geçirilip başlanmagy bilen döräp başlandygyny aýdýarlar.

Ýöne olar soňky aýlarda “Ene mähri” merkezine we Mary etrap hassahanasyna ýüküň artandygyny aýdyp, ýapylan hassahanalaryň durkuny täzelemek işleriniň uzaga çekýändigini we ýagdaýyň ýitileşýändigini belleýärler.

“Raýatlaryň ýerli häkimiýetlere edýän arz-şikaýatlary ünsden düşürilýär. Welaýat we şäher bäbekhanalarynyň anyk haçan açyljagy hem belli däl. Welaýatyň ene we çagalar hassahanasy hem ýapyk. Bu ýeriniň hassalary hem şäherdäki hassahanalara ugradylýar. Ähli adam, hususan-da, göwreli gelinler hassahanalaryň tiz wagtda açylmagyny we meseläniň çözülmegini arzuw edýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada welaýat häkimliginden, saglygy goraýyş bölüminden we agzalýan hassahanalardan teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Redaksiýa bejeriş işleri geçirilýän hassahanalaryň näçenji ýyllarda gurlandygyny, şeýle-de olaryň durkuny täzelemek işleriniň haýsy kärhanalar tarapyndan amal edilýändigini, bu işleri tamamlamak üçin meýilleşdirilen wagt möhletini häzirlikçe anyklap bilmedi.

Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdelerinde hem, Marynyň hassahanalarynda geçirilýän abatlaýyş işleri barada haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

Türkmenistanda desgalaryň abatlaýyş ýa-da durkuny täzelemek işleriniň uzaga çekýändigi barada Azatlyga wagtal-wagtal maglumatlar gelip gowuşýar.

Habarçylarymyz ýollaryň, köçeleriň, bazarlaryň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň uzaga çeken durkuny täzelemek işleriniň ilata ýetirýän oňaýsyz täsirleri barada ençeme gezek maglumat berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda gurluşygyna millionlarça amerikan dollary möçberinde serişde harçlanyp gurlan desgalaryň, şol sanda lukmançylyk edaralarynyň ulanmaga berlendigi barada wagtal-wagtal habar berýärler. Ýöne olar bejeriş işlerine mätäç we durky täzelenýän desgalar barada o diýen mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG