Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arkadagda jaý edinenler wada berlen öý goşlaryň ýoklugyndan häkimiýete şikaýat etdiler


Arkadag şäheri
Arkadag şäheri

Arkadag şäherinde jaý satyn almak hemmä elýeterli däl. Ummasyz pula gurlan kaşaň şäheriň ýaşaýjysy bolmak diňe Ahal welaýatynyň we Aşgabadyň ýaşaýjylaryna rugsat berilýär. Emma bu ýerdäki gymmatbaha jaýlary satyn almagy başaran raýatlar hem täze öýlerine degişli dürli garaşylmadyk ýagdaýlara duçar bolýarlar.

Arkadagly ýaşaýjylar jaý satyn alnanda berlen wadalaryň we hatda şertnamalarda görkezilen şertleriň berjaý edilmändigini aýdýarlar.

"Ahal welaýatynyň merkezi Arkadag şäherinden ipoteka esasynda jaý satyn alan ýaşaýjylar, täze öýlerine girip görenlerinde aşhanada garnituryň ýokdugyny, iýmit saklanýan sowadyjynyň, kir ýuwujy we gap-çanak ýuwujy maşynlaryň ýokdugyny görüp, buýrujydan şertnamada görkezilen öýüň içnde bolmaly goşlaryň ýokdugy barada şikaýat bildirdiler", - diýip Azatlygyň habarçysy şäher ýaşaýjylaryny sitirleýär.

Azatlyk bilen anonim gürrüňdeş bolan arkadaglylar eden şikaýatlarynyň kabul edilmändigini aýdýarlar.

"Emma buýrujy öý satyn alanlara aýdylýan goşlaryň hiç bir jaýda hem ýokdugyny aýdyp, 'jaý satyn almaga güýji ýeteniň, öýüň ownuk goşlaryny satyn almaga-da güýji ýetmezmi, ownukçyl bolmaň diýdi. Ol 'täze öýüňiz garşy alsyn, toýly öý bolsun' diýip, hem öý eýelerine köşeşdirmäge çalyşdy we gepi başga ýana sowup, täze öý eýelerini çykaryp goýberdi" diýip, Arkadagdaky täze jaýlaryň birinde öý edinen ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bu ýagdaý täze gurlan jaýlaryň hemmesine degişli däl. Käbir jaýlarda aşhanalaryň mebelleri we sowadyjy ýaly hojalyk tehnikasy üpjün edilen. Bu dürli jaýlarda däl, eýsem bir binanyň içindäki kwartiralardaky ýagdaý hem tapawutlanýar we goňşularyň arasynda nägilelik we agzalalyk döredýär.

"Ýaşaýjylar birek-biregiň öýüni görüp, şol bir meňzeş jaýlaryň içindäki şertleriň tapawutlanýandygyny bilip galýarlar. Bu bolsa goňşularyň arasynda nägilelikleriň armagyna getirýär. Öz öýlerinde şertnamada görkezilen zatlaryň ýokdugyny gören adamlar kemsinýär. Bu ýagdaý agzalalygyň döremegine sebäp bolýar" diýip, arkadagly täze ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Arkadag şäheriniň häkimiýetlerinden resmi maglumat alyp bilmedi.

Mundan öň Azatlygyň habarçylary bu ýerde jaý satyn alanlaryň goşmaça çykdajylara sezewar edilýändigini we yzy üzülmeýän tutumlardan zeýrenýändigini habar beripdi.

"Bu jaýlardan öý alan hojalyklaryň täze jaýa göçüp gelen wagtyndan bäri çykdajydan gözleri açylmady. Jaýyň girelgesini tämizlemek üçin ähli işleriň puly ýaşaýjylardan toplanýar, täze jaýyň çöken, jaýrylan ýa-da gopan ýerlerini abatlamak üçin ýaşaýjylardan pul toplanýar. Üstesine prezidentiň jan-saglygy üçin sadaka pullary, ýetim çagalar öýüne we maýyplara prezidentiň adyndan berilýän sadakalar üçin hem Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryndan pul toplanýar" diýip, Arkadagda jaý satyn alan aşgabatly gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň kakasynyň ady dakylan Arkadag şäheri 2023-nji ýylyň tomsunda ulanylyşa berildi.

Aşgabadyň 25 kilometr töweregi günbatarynda ýerleşýän täze şäher 70 müň ilata niýetlenýär.

Emma agyr ykdysady krizisiň dowamynda gurlan we 5 milliard amerikan dollary möçberinde pul ýatyrlan bu şäherde gurlan jaýlary satyn almaga diňe Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryna rugsat berildi we telekeçilerden hem jaý satyn almak talap edildi. Şeýle-de, täzeň şäheriň ýaşaýjylary hökman üç arka barlagyndan geçmeli.

Türkmen hökümeti şäheriň ösüşine bat bermek üçin dürli resurslary ulanýarlar.

Fewral aýynda Balkan we Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň saglyk edaralaryna bejergi üçin ýüzlenýän ýerli ýaşaýjylary Arkadag şäherine ugratmak tabşyryldy we şeýdip, täze şäheriň aşa gymmat baha saglyk merkezi hassa bilen üpjün edildi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň welaýatlaryndaky ýetimler öýlerinde Arkadag şäherindäki ýetimler öýüne ugratmak üçin çaga saýlamak boýunça işler geçirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG