Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Welaýat keselhanalary pulsuz hassalary hem paýtagta ugradýarlar


Aşgabadyň keselhanasynda nobatyna garaşýan hassalar (Arhiw suraty)
Aşgabadyň keselhanasynda nobatyna garaşýan hassalar (Arhiw suraty)

Türkmenistanyň raýatlarynyň medisina kömeginden peýdalanmakdaky kynçylyklary dowam edýär. Azatlygyň habarçylaryna görä, welaýatlardaky keselhanalar hassalary Aşgabada has köp ugradyp başlapdyr. Paýtagtyň keselhanalaryndaky şertler hem ýaramazlaşypdyr.

Welaýatlardan hassalaryň paýtagtdaky köpugurly bejergi berýän hassahanalara ugradylýan halatlary örän köpeldi. Welaýat keselhanalary ýüz tutýan hassalaryň saglyk ýagdaýynyň barlagyny, keselini anyklamak çärelerini hem geçirmän, göni Aşgabada ýollaýarlar.

"Welaýatlarda ýerleşýän hassahanalaryň material bazasynyň pesligi we keselleriň ähli ugurlaryndan lukmanlaryň ýetmezçiligi sebäpli, diýilip, hassalara paýtagtyň hassahanalaryna ýüz tutmak maslahat berýärler. Şeýle-de, lukmanlaryň azlygy, olar tejribeli bolsa-da, ähli ugurlardan bejergi berip bilmeýändigi hassalara düşündirilýär. Şeýdip, hassalara ýollanma berlip, olar köpçülikleýin Aşgabada iberilýär" diýip, habarçymyz lebaply lukmanlara salgylanyp habar berýär.

Paýtagta ugradylýanlaryň arasynda ýagdaýy agyr hassalar hem bar.

"Ýagdaýy agyr syrkawlar hem paýtagta bejeriş almak üçin gönükdirme ýazylyp ugradylýar. Ýöne paýtagtda ýakyn garyndaşy bolmadyk hassalaryň saglyk sapary kynçylyklardan ybarat bolýar" diýip, lebaply lukman aýdýar.

Paýtagta gatnap, saglygyny bejertmek welaýatlylaryň ençemesine elýeterli bolmaýar. Medisina hyzmatlarynyň çykdajylaryndan başga-da, gatnaw kynçylygy, ýol we ýaşaýyş çykdajylary esli puly talap edýär.

Habarçymyz lebaply gürrüňdeşleriniň biriniň agyr ýagdaýyny gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonim gürleşen zenan saglygyny bejertmek üçin paýtagtyň hassahanasyna Lebapdan ugradylandygyny, emma keselhanada ony kabul etmändiklerini, indi näme etjegini bilmän, çykgynsyz ýagdaýa düşendigini gürrüň berdi.

Zenan üç ýyl öň kowid wirusynyň ýokaşmagyny agyr geçirip, ýüregine zeper ýetipdir. Ol özbaşdak ýöremek ukybyny ýitirip, pişekli hereket edýär.

"Syrkaw zenan hassahananyň lukmanlarynyň özünden ýakymsyz ysyň ýaýraýandygyny aýdyp, hassahana baranynda tämiz gelmelidigini aýdyp, ýüzüni alyp goýberipdir. Welaýatdan ýol söküp gelen zenan örän syrkaw medisina kömegine mätäç. Ol lukmanlardan hassahanada ýuwunmak mümkinçiligi barada soranda, oňa, paýtagtda garyndaşlaryň ýokmy, şolarda ýuwun diýip, keselhana kabul etmediler. Ýüzi alnyp, mertebesi basgylanan zenanyň onsuzam derdi agyr. Ol pulunyň ýokdugy sebäpli myhmanhanada hem galyp bilmeýändigini aýdyp, aglaýar" diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy syrkaw zenanyň adyny howpsuzlyk sebäpli çap etmekden saklanýar.

Türkmenistanda paýtagtyň we welaýatlaryň saglyk edaralaryndaky şertler we medisina hyzmatlarynyň hili düýpgöter tapawutlanýar.

Ýaňy ýakynda Marynyň hassahanalarynda ýer bolmansoň, çaga dogurýan zenanlaryň ýerde ýatýandygyny mälim boldy. Gelinleriň arasynda ýerde, düşekde çaga dogurmaly bolýanlar hem az däl.

Bu aralykda soňky döwürde welaýat keselhanalary hassalary diňe bir paýtagt Aşgabada däl, eýsem täze gurlan Arkadag şäherine hem ýollap başladylar.

Fewral aýynda Balkan we Mary welaýatlarynyň keselhanalaryna ýüz tutýan hassalary Arkadagyň täze hassahanasyna ibermek tabşyryldy. Kaşaň hassahanadaky nyrhlaryň gymmatlygy hassalaryň ençemesini agyr ýagdaýa salýar. Käbir hassalardan olaryň şol ýerde bejergi almak islegi we maddy mümkinçiligi barada soralmaýar. Olar göni gymmatbaha saglyk merkezine alnyp barylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG